Ï Türkmenistanly talyp pälwanlar Dünýä kubogy ugrunda ýaryşda baýrakly orunlary eýlediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly talyp pälwanlar Dünýä kubogy ugrunda ýaryşda baýrakly orunlary eýlediler

view-icon 7187
Türkmenistanly talyp pälwanlar Dünýä kubogy ugrunda ýaryşda baýrakly orunlary eýlediler

Kazan federal uniwersitetiniň Ýelabuga institutynda okaýan türkmenistanly talyplar Baýramoraz Guwanjow bilen Emirhan Esenow Ufa şäherinde (Başgyrdystan Respublikasy, Russiýa) geçirilen guşakly göreş boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygynyň (Kazan ş.) resmi saýtynda habar berilýär.

Emirhan Esenow 75 kg agramda üçünji orny eýelese, Baýramoraz Guwanjow 62 kg agramda kümüş medala myansyp boldy. Ýaryşa 26 ýurtdan 200-den gowrak türgen gatnaşdy.

Soňky ýyllarda köp asyrlyk taryhly we türkmen halkynyň taryhy-medeni özboluşlulygynyň nyşany bolan türkmen milli göreşi halkara derejesinde ykrar edilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2015-nji ýylda Bütindünýä göreş federasiýasy döredildi.

Sportuň bu görnüşi ilkinji gezek 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy. Şol ýaryşda Türkmen pälwanlary altyn medallaryň 23-sini, 14 kümüş we 9 bürünç medal eýelediler.

2013-nji ýylda Kazanda (Russiýa) geçirilen ХХVII Bütindünýä tomusky Uniwersiadada türkmen pälwanlary guşakly göreş boýunça 11 medala – 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç medala mynasyp boldular.

2014-nji ýylda Ulýanowskide (Russiýa) geçirilen ýaşy 20-ä çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä birinjiliginde olar 9 medal – altyn, kümüş we bürünç medallary eýelediler.