Ï «Altyn» saksofonyň mahmal owazy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn» saksofonyň mahmal owazy

view-icon 5282
«Altyn» saksofonyň mahmal owazy

Saksofon iň duýgur saz guraly diýýärler. Käbirleri öz köňlüni şatlandyrmak üçin ony çalmagy öwrense, beýlekiler onuň başga hiç saz guralyňka meňzemeýän juda owadan owazyny diňlemegi halaýarlar. Häzir elbetde, baý, mahmal tembrli we jadyly «owazly» saksofonyň gürrüňi edilýär.

Kakajan Hudaýberdiýew hem onuň sesini bir gezek eşidenden soňra bu saz guralynyň aşygy boldy. Sazçylyk mekdebiniň, sazçylyk ýörite orta hünär mekdebiniň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymy klarnetde saz çalmagy höwes bilen öwrenýärdi. Berilýän sapaklary doly özleşdirenden soň saksofony saýlap alyp, onuň saz dünýäsini açdy.

- Özümiň ilkinji, häzirlikçe ýeke-täk saksofonymy daşary ýurtda satyn aldym –diýip, Kakajan gürrüň berýär. – Özüm üçin alaýyn diýdim, sebäbi klarnetden owaz almak usulam edil saksofonyňky ýaly. Men olaryň esaslaryny bilýärdim, diýmek galany hökman başa baraýmalydy.

Şeýle-de boldy. Kakajan saksofon çalmagy özbaşdak öwrenip ugrady. Wideosapaklara syn etdi, belli saksofonçylaryň sazlaryny diňledi. Ony öwrenmäge juda az wagt gitdi. Indi ol konsertlerde saksofonda çykyş edýär, şeýle hem konserwatoriiýanyň talyplaryna we saz muşdaklaryna sapak berýär.

- Saksofony halaýanlar dünýäde-de, Türkmenistanda-da kän. Özi-de ony diňe bir oglanlar däl, eýsem gzylar hem saýlaýarlar. Men saksofonda nusgawy sazlardan başlap, jaz we estrada kompozisiýlaryna çenli dürli sazlary çalýaryn. Golaýda konserwatoriýanyň talyplaryndan ybarat ansambl bilen Aman Agajykowyň «Süýji arzuwlar» aýdymyny bu guralda çalmagy öwrendik. Geljekde türkmen kompozitorlarynyň owadan sazlarynyň köpüsini saksofon notasyna geçirmegi niýet edinýäris.

Kakajan Hudaýberdiýewiň aýtmagyna görä, saksofonda saz çalmagy öwrenmek hiç haçan giç däl, munuň üçin diňe höwes we yhlas gerek.

- Mugallym bilen saz çalmagy öwrenmek aňsat, ol dessine düşnüksiz zatlary, eliňi nähili tutmalydygyny öwreder, saksofonda saz çalanyňda nähili dem almalydygny we başga-a köp zady salgy berer. Men ony 25 ýaşymda öwrendim, ol hem gowy saz mekdebini geçenim üçin. Ýaş saksofonçylar barada aýtsak, çagany eýýäm 5-7 ýaşyndan saza berse bolar. Ýöne onuň agyrdygyny, hat-da kiçijik saksofony hem elinde saklamak üçin çaganyň güýji ýetik bolmaly. Saksofonda sapak almazdan öň beýleki üflenip çalynýan saz gurallarynda, meselem – fleýtada ýa-da klarnetde saz çalmak öwrenilse gowy bolardy.

Belgiýaly pedagog we oýlap tapyjy A.Saks 1840-njy ýylda öz ýasan ilkinji saksofonyny köpçülige hödürleýär. Biziň günlerimizde häzirki zaman jaz orkestrini bu ajaýyp saz guralsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Saksofon dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy, şonuň üçin bu ajaýyp saz guralyny ýasan oýlap tapyjynyň doglan güni mynasybetli her ýylyň 6-njy noýabrynda saksofonyň Halkara güni bellenip geçilýär.