mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Et öndürmekde ýetilen sepgitler

view-icon 2731
Et öndürmekde ýetilen sepgitler

Lebap welaýatynyň telekeçileri tamamlanan 2021-nji ýylyň dowamynda 323 tonnadan gowrak et öndürdiler. Bu görkeziji ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden artyk bolup, 164 tonna ýakyn etiň köp öndürilendigini görkezýär. Munuň özi, bu ulgamda işleriň talabalaýyk gurnalyp, ilaty ýokary hilli et önümleri bilen üpjün etmeklige telekeçileriň saldamly goşant goşandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Diňe dekabr aýynda öndürilen etiň mukdarynyň 42 tonnadan geçmekligi bolsa, welaýatyň ýaşaýjylarynyň Täze ýyl baýramçylygy döwründe desterhanlaryny täze et we et önümleri bilen göwün isleglerine görä bezemeklerine ýardam etdi.

Welaýatyň hususyýetçileriniň et taýýarlamakda ýokary netijeler gazanmaklaryna käbir hojalyklaryň aýratyn goşant goşandyrlaryny belläp geçmek möhümdir. Oňa mysal edip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Soltan Genjiýewiň 21 tonnadan artygrak, Jemşit Temorowyň 13 tonnadan aşyryp, «Medetkär» daýhan hojalygynyň 8,55 tonna et öndürip, söwda nokatlaryna tabşyrandyklaryny görkezmek bolar.

Lebap welaýatynyň telekeçileriniň ýokary hilli et taýýarlamakda gazanýan üstünlikleri bol önüm almak üçin döwlet tarapyndan, ulgama döredilip berilýän giň mümkinçilikler, şeýle hem ylmyň bu ugurda gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýanyň durmuşa işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde mümkin boldy.