Ï Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2021-nji ýylyň jemini jemledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2021-nji ýylyň jemini jemledi

view-icon 9114
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2021-nji ýylyň jemini jemledi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň netijeleri boýunça, 2021-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemledi.

Türkmenistanda ýylyň «Iň ökde oýunçy» diýlip, ilkinji gezek «Ahal» toparynyň ýarymgoragçysy we kapitany Elman Tagaýew yglan edildi. Geçen möwsümde ol «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynyň düzüminde ýurdumyzyň çempionatynyň kümüş medalçysy, geçen möwsüminde E.Tagaýewiň derwezelere geçiren 10 topy bilen «Iň köp top geçiren oýunçylaryň» arasynda hem öňdeligi eýeländigini bellemek gerek..

«Iň ökde tälimçi» diýlip, Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň tälimçesi Ýazguly Hojageldiýew yglan edildi. Onuň tälimçiligindäki «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary 2021-nji ýylda sekizinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy we ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny aldy.

Çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen» (Fair play) toparyna gowşurylýan baýraga «Ahal» topary mynasyp boldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.

Birinji düzüm: Mämmet Orazmuhammedow («Altyn Asyr») – derwezeçi; Mekan Saparow, Güýçmyrat Annagulyýew, Zafar Babajanow (hemmesi «Altyn Asyr»), Abdy Bäşimow («Ahal») – goragçylar; Elman Tagaýew, Arslanmyrat Amanow (ikisi-de «Ahal»), Ahmet Ataýew («Altyn Asyr»), Yhlas Magtymow («Şagadam») – ýarym goragçylar, Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr»), Pirmyrat Gazakow («Merw») – hüjümçiler.

Ikinji düzüm: Resul Çaryýew («Ahal») – derwezeçi, Serdar Geldiýew, Ata Geldiýew (ikisi-de «Ahal»), Serdar Baýramow («Köpetdag»), Resul Mahmydow («Şagadam») – goragçylar; Yhlas Saparmämmedow, Ýazgylyç Gurbanow (ikisi-de, «Köpetdag»), Nazar Towakelow («Şagadam»), Myrat Annaýew («Altyn Asyr») – ýarym goragçylar; Gurbangeldi Sähedow («Aşgabat»), Kerim Hojaberdiýew (Şagadam») – hüjümçiler.