mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

AFK-2022 çempionlar ligasynda «Ahal» toparynyň garşydaşlary belli boldy

view-icon 2999
AFK-2022 çempionlar ligasynda «Ahal» toparynyň garşydaşlary belli boldy

Şu gün Aziýa Futbol Konfederasiýanyň esasy klub futbolynyň 41-nji we AFK Çempionlar ligasynyň 20-nji bäsleşiginiň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen bije çekişliginiň netijesinde Eýranyň «Fulad», BAE-den «Şabab Al-Ahli Dubaý» we Kataryň «Al-Garafa» toparlary Türkmenistanyň «Ahal» toparynyň garşydaşlary boldy.

AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde geografik taýdan 2 – Günbatar we Gündogar zolaklara bölünen 40 topar bäsleşer.

Türkmenistanyň wise-çempiony öz garşydaşlary bilen «Günbatar» zolakda «C» toparynda oýnar. Bu toparyň oýunlary 2022-nji ýylyň 7-nji aprelinden 27-nji apreline çenli merkezleşdirilen formatda geçiriler.

«Günbatar» zolakdaky beýleki toparlaryň düzümi:

«A» topar: «Al-Hilal» (Saud Arabystany), «Al-Raýýan» (Katar), «Istiklol» (Täjigistan), pleý-off ýaryşynyň ýeňijileri «Şarja» (BAE) – «Al-Zawraa» (Yrak).

«B» topary: «Al-Jazira» (BAE), «Al-Şabab» (Saud Arabystany), «Mumbaý Siti» (Hindistan), «Eýe Fos» (Yrak).

«D» topary: «Al-Duhail» (Katar), «Sepahan» (Eýran), «Pahtakor» (Özbegistan), pleý-off oýnunyň ýeňijileri «Al-Taawun» (Saud Arabystany) – «Al-Jaiş» (Siriýa).

«E» topar: «Al-Sadd» (Katar), «Al-Faýsali» (Saud Arabystany), «Al-Wehdat» (Iordaniýa), pleý-off oýnunyň ýeňijileri «Bani Ýas» (BAE) – «Nasaf» (Özbegistan).

AFK Çempionlar ligasynyň Gündogar zolagynda-da toparçalaýyn bäsleşik 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinden 1-nji maýyna çenli merkezleşdirilen formatda geçiriler.

«Gündogar» zolakdaky toparlaryň düzümleri:

«F» topary: «Şandun Taýşan» (Hytaý), «Urawa Red Diamonds» (Ýaponiýa), «Lion siti seýlos» (Singapur), pleý-off oýnunyň ýeňijileri «Tegu» (Günorta Koreýa) – «Buriram Ýunaýtid» (Taýland).

«G» topary: «Bi Ji Pathum Ýunaýtid» (Taýland), «Çonnam Drägons» (Koreýa), Ýunaýtid siti» (Filippinler), «Melburn Siti» (Awstraliýa).

«H» topary: «Çonbuk Hönde Motors» (Koreýa), «Iokogama F.Marinos» (Ýaponiýa), «Hoagan Züalaý» (Wýetnam), pleý-off ýaryşynyň ýeňijileri Hytaýyň 4-nji kluby – Awstraliýanyň 3-nji kluby «Kaýýa Iloilo» (Filippinler).

«I» topary: «Kawasaki Frontale» (Ýaponiýa), «Guançžou» (Hytaý), «Johor Darul Tazim» (Malaýziýa), pleý-off ýaryşynyň ýeňijileri «Ulsan Hönde» (Koreýa) – «Port» (Taýland).

«J» topary: «Şanhaý port» (Hytaý), «Çiangraý Ýunaýtid» (Taýland), «Kitçi (Goňkoň), pleý-off ýaryşynyň ýeňijileri «Wissel Kobe» (Ýaponiýa) – Awstraliýanyň 2-nji kluby / «Şan Ýunaýtid» (Mýanma).

Türkmen toparlaryň AFK Çempionlar ligasynda iň soňky gezek 2003-nji ýylda çykyş edendigini ýatladalyň. Şonda Aşgabadyň «Nusaýy» çärýek finala çykdy. 19 ýyldan soň, «Ahal» Aziýanyň futbol toparlarynyň esasy ýaryşynda Türkmenistanyň adyndan ilkinji gezek çykyş eder. Bu, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparynyň ähli türkmen toparlarynyň arasynda AFK Çempionlar ligasyna-2022-e gatnaşmak üçin, synaglary üstünlikli geçip, ygtyýarnama alan ýeke-täk topar bolany sebäpli mümkin boldy.