Ï Ýaşlar arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlar arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi

view-icon 8514
Ýaşlar arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýaşlar arasynda her ýyl geçirýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen döredilen bäsleşigiň maksady ýurdumyzda ylmyň ösmegine, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmaga we iň möhüm, ähmiýetli hem talap edilýän ugurlarda gözleg işlerine itergi bermekdir.

Ýaş alymlaryň arasynda ylym işler boýunça bäsleşigine gatnaşmaga TYA-nyň, YGI-niň, senagat birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, uniwersitetleriň talyplary, magistraturanyň, aspiranturanyň we doktoranturanyň diňleýjileri, orta we ýörite orta mekdepleriň okuwçylary, şeýle hem işjeň ylmy iş bilen gyzyklanýan islendik hünärli ildeşlerimiz çagyrylýar.

Bäsleşige teklip ediljek ylmy işler üçin mowzuk gaty kän, esasy zat onuň wajyplygyny we islegliligini göz öňünde tutmakdyr. Teklip edilen mowzuklaryň arasynda: nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalary; molekulýar biologiýa, ekologiýa; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet we ş.m. bar. Lukmançylyk, ynsanperwerlik ylymlary we başga mowzuklarlar-da makuldyr. Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzyň ýaş alymlaryny birleşdirjek bu bäsleşigiň diňe bir adatdan daşary gyzykly bolman, eýsem häzirki zaman ylmyny baýlaşdyrmak nukdaýnazaryndan öndürijilikli boljakdygy görünýär. Ýaşlaryň arasynda geçiriljek ylmy işler bäsleşiginiň netijeleri, 12-nji iýunda ýurdumyzda bellenýän Ylym gününde jemlener.

Türkmenistanda ylmyň ösmegi, şol sanda ylmy gözlegleri, açyşlary, bu ugurda öňdebaryjy gazanylanlary we tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin-de ähli zerur şertler döredilýär. Döwletimiziň ýaş alymlara görkezýän hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, bu abraýly ylym bäsleşigine gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar.

Geçen ýyl geçirilen ylmy gözden geçirilişiň 1000-den gowrak ýaş alymy bir ýere jemländigini ýatladalyň. Bu sanyň şu ýyl näçeräk ösjekdigi biraz soň, bäsleşige gatnaşyjylaryň doly sanawy kesgitlenende, belli bolar. Häzirlikçe oňa gatnaşmak isleýän ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň hemmesi üçin, olaryň iň mynasyplaryny kesgitlemek we netijede bäsdeşler toparyny düzmek maksady bilen, deslapky saýlama tapgyrlary geçirilýär.