Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi

view-icon 8261
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I tapgyrynyň 4-nji oýny geçirildi.

Bu gezek bäsleşik «Beýik Seljuk döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly mowzugy boýunça guraldy.

Oňa gatnaşmaga hukuk gazanan ýokary synp okuwçylarynyň degişli mowzukdan bilimlerini artdyrmaga ýeterlik wagty bardy. Mekdep okuwçylarynyň köpugurly bilimlerini artdyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri we wajyp taryhy wakalary beýan edýän beýleki kitaplary teklip edildi.

Gyzykly geçen akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýnunyň jemleri boýunça Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Leýli Osmanowa hem-de Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Täçjemal Piriýewa ýeňijiler diýip yglan edildi. Olar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandylar we onda I tapgyrda ýeňiş gazanan ähli 8 toparyň ýeňijileri bäsleşerler.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I tapgyrynyň 5-nji oýny 2022-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriler. Ol «Horezmşalar döwletiniň daşary syýasaty we diplomatik däpleri» atly mowzuga bagyşlanar.

Diplomatiýa ýokary mekdebiniň taslamasy Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň diplomat hünärine höwesjeň okuwçylary üçin guraldy we ýaşlary hünäre gönükdirmäge, şeýle hem ýaş zehinleri gözlemäge gönükdirilendir. Akyl-paýhas bäsleşigi «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.