Ï Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

view-icon 5384

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha hem-de ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz gutlag hatynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi hem-de bu hyzmatdaşlygyň biziň doganlyk halklarymyzy dürli ugurlarda möhüm ösüşlere ýetirmekde uly mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Kuweýtiň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.