Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

view-icon 4680

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk, dostlukly ýurduň halkyna bolsa, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.