Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Size Wýetnam döwletiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Wýetnam Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara hemişe uly ähmiýet berýär. Biz türkmen halkynyň ykdysady we durmuş ösüşindäki üstünlikleri bilen hemişe gyzyklanýarys we şatlyk bilen kabul edýäris.
Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň sebitde we halkara giňişlikde öz ornuny pugtalandyryp, mundan beýläk-de öňe gitjekdigine, Wýetnam bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň bolsa ähli ulgamlarda ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Jenap Prezident, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli wezipäňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Nguýen Suan Fuk,
Wýetnam Sosialistik
Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz bilen halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikde iş alyp barmagy ugur edinýändigimizi tassyklamak isleýärin.
Türkmenistanyň dostlukly halkyna belent maksatlaryna ýetmekde üstünlikleri, şeýle hem ösüş we abadançylyk arzuw edýäris.
Haýsam bin Tarik,
Omanyň Soltany.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size jogapkärli wezipäňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy beýan edýärin.
Hormatlamak bilen,
Haji Hassanal Bolkiah,
Bruneýiň Soltany.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi gruzin halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan baharyň gelmegini alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we ilerledilmegine ýardam etmäge taýýardygymyzy tassyklamak isleýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri gazanmagyňyz, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň!
Salome Zurabişwili,
Gruziýanyň Prezidenti.