Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 5229

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Sizi mongol halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan ýakynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz we Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu ýyl biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýtmak guwançlydyr. Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde we ösdürmekde Siziň Alyhezretiňiz bilen hyzmatdaşlyk etmäge şatdyryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglygyny we işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Uhnaagiýn Hurelsuh,
Mongoliýanyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanda aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz hem-de ýurduň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalar esasynda Bahreýn Patyşalygynyň we Türkmenistanyň arasynda oňyn gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini bellemek isleýärin.

Siziň dostlukly türkmen halkynyň täze belentliklere çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilen jogapkärli işiňizde üstünlikleri gazanmagyňyzy hem-de parasatly baştutanlygyňyzda dostlukly Türkmenistana abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini Beýik Allatagaladan dileg edýärin.

Faýsal bin Raşid Al Halifa,
Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşawy goramak boýunça Ýokary Geňeşiniň
wise-prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň öz borçlaryňyzy wepadarlyk, tükeniksiz gujur-gaýrat hem-de aýdyň ynam bilen ýerine ýetirjekdigiňize berk ynanýaryn. Watanyňa, aýratyn-da, şu günki dünýämiziň özümize bagly bolmadyk üýtgäp durýan ýagdaýlar zerarly agyr wehimlere sezewar bolan döwründe gulluk etmekden uly mertebe ýokdur. Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň halkyna asylly maksatlaryň hem-de umyt-arzuwlaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görmek bagtynyň miýesser etjekdigine we ýurduňyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny has-da berkitjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistan sebitiň energetika ulgamynda has möhüm orny eýeleýän hyzmatdaş hem-de energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde öz kuwwatyny barha ýokarlandyrýandygyny görkezýär. Siziň ýurduňyzy indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyna gatnaşyjy tarap hasap edýärin hem-de energetika babatda bellenilen täze maksatlara we ählumumy energetikanyň üýtgäp durýan ýagdaýlaryna uýgunlaşyp biler. Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň bu Şertnamany döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşýandygynyň şaýady bolýaryn hem-de şeýle işjeňligiň döwrebaplaşdyrmak ýagdaýyna, şol sanda Siziň ýurduňyzyň bähbidine ýardam etjekdigine umyt edýärin.

Size tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de ýurduňyzyň we onuň raýatlarynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Gi Lents,
Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary.

 ***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) adyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli, Size tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin hem-de Türkmenistanyň beýik halkyna gulluk etmekde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Forum 2008-nji ýylda esaslandyrylan döwründen bäri agza ýurtlaryň gaz bazaryndaky üýtgemeler babatda habardar bolmagyna, tehnologiýalary özleşdirmegine, ahyrky sarp edijiniň gaz bilen ygtybarly we durnukly üpjün edilmegine ýardam berýär.

GECF-niň agza ýurtlary halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Siziň ýurduňyzy goldaýandygyny nygtamak bilen, bu ulgamda bar bolan ählumumy meseleleri oňyn çözmegiň ýollaryny bilelikde işjeň gözlemäge çalyşýarlar.

GECF Türkmenistanyň içerki gaz önümçiligini ösdürmäge hem-de gaz senagatyny ösdürmek üçin maýa goýumlary artdyrmaga, öz tejribesini paýlaşmaga hemmetaraplaýyn ýardam berer hem-de degişli gepleşikleri geçirmäge taýýardyr.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohamed Hamel,
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň
Baş sekretary.