Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar

view-icon 4328

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Sizi Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagyňyz hem-de wezipä girişmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw edýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny maksat edinýändigimi beýan edýärin.

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Migel Dias-Kanel,

Kuba Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi Ýaponiýanyň we ýapon halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagyňyz hem-de wezipä girişmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Daşary işler ministri wagtym, 2017-nji ýylyň iýun aýynda Tokio şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň 12-nji mejlisindäki Siziň bilen duşuşygymyzy mähir bilen ýatlaýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Siz öz wagtynda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy bolduňyz. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňiziň ýurduň Prezidenti hökmünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigiňize berk ynanýaryn.

Şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa bilen Türkmenistan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belläp geçer. Iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklary eks-Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde has-da ösdürildi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin uly kuwwatyň bardygyna ynanýaryn hem-de bu ugurda Siziň Alyhezretiňiz bilen hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we işiňizde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk arzuw edýärin.

Fumio Kisida,

Ýaponiýanyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bu ýokary wezipede uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ÝUNESKO-nyň agzasy Türkmenistan bilen 1993-nji ýyldan bäri üstünlikli dowam etdirilýän hyzmatdaşlygymyzyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde “ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Ähtnama” gol çekilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Gün tertibini we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmeklige bolan ygrarlylygyny aýratyn belläp geçmek isleýärin. Türkmenistan Durnukly ösüşiň ähli 17 maksadyny resmi taýdan kabul eden hem-de olary özüniň milli meýilnamalaryna we durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýalaryna uýgunlaşdyran ilkinji döwletleriň biri boldy. ÝUNESKO 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini mundan beýläk-de ilerletmek boýunça bilelikdäki işlerimiziň dowam etdiriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirýär.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine, şol sanda sebitde durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etjek täze pikirleri we çemeleşmeleri işläp taýýarlamak arkaly pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, mümkinçiligiňiz bolan ilkinji pursatda Sizi Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda kabul etmeklige sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Odre Azule,

ÝUNESKO-nyň Baş direktory.