Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize Nikaragua Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.
Gadyrly doganym, Size we türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk hem-de parahatçylyk arzuw edýärin!
Daniel Ortega Saawedra,
Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan edýärin.
Size iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň umumy bähbitleri üçin Alžir bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary etmäge taýýardygymy tassyklamak isleýärin.
Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Abdelmajid Tebbun,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan etmegi özüm üçin hormat hasaplaýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine gatnaşyklarymyzy hem-de özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmegi maksat edinýändigimi tassyklamak isleýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma döredýär.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk dileýärin.
Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize, türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna rowaçlyk hem-de abadançylyk dileýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, berk jan saglyk we bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Gudraty Güýçli Allatagaladan tutuş musulman ymmatyna rowaçlyk we bereket baradaky doga-dileglerimizi kabul etmegini dileýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Siziň doganyňyz,
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri
Salman ben Abdelaziz Al Saud,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize hem-de türkmen halkyna mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglarymyzy we iň gowy arzuwlarymyzy ibermek biziň üçin uly hormatdyr.
Bu mukaddes aýda Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa bereket hem-de rowaçlyk dileg edýärin.
Size belent hormat we sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Hamad bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan etmegi özüm üçin hormat hasaplaýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine gatnaşyklarymyzy hem-de özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmegi maksat edinýändigimi tassyklamak isleýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Sabah Halid Al-Hamed Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli iň gowy gutlaglarymy we arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk we durnuklylyk dileýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed bin Salman bin
Abdelaziz Al Saud,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna we tutuş musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk, ösüş we abadançylyk dileýärin.
Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan,
Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk, ösüş we abadançylyk dileýärin.
Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed bin Raşid Al Maktum,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de onuň düzümleriniň işgärleriniň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy hem-de tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýändigime şatdyryn.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistana mundan beýläk-de abadançylyk we ösüş, tutuş musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk dileýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Hisseýn Brahim Taha,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.