Ï Ýurdumyzyň talyplary Halkara olimpiadada 105 medala mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň talyplary Halkara olimpiadada 105 medala mynasyp boldular

view-icon 4176
Ýurdumyzyň talyplary Halkara olimpiadada 105 medala mynasyp boldular

Türkmenistanly talyplar Ýoşkar-Ola Priwolžýe döwlet tehnologiýa uniwersitetniň (Mairý El Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) guran Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynyň netijesi boýunça 105 medala mynasyp boldular.

Russiýanyň bu ýokary okuw mekdebinde şu olimpiada her ýyl geçirilýär. Şu ýyl internet-olimpiada Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň, Sloweniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 193-sinden 5 müňden gowrak talyp gatnaşdy.

Däbe görä, olimpiada köp ugurdan geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadanyň matematika, fizika, himiýa, informatika, materiallaryň garşylygy, çyzgy geometriýasy we inženerçilik grafikasy, teoretik mehanika, ykdysadyýet, ekologiýa ýaly dokuz ugur boýunça gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri altyn medallaryň 25-sini eýelediler.

Fizika boýunça gazanylan 7 medalyň 3-sini Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Şükürjan Suhrabowa, Sona Berenowa, Gunça Wepaýewa, 2-sini – Türkmenistanyň döwlet energetika institutyndan Merdan Bahtiýarow we Yhlas Kerimow gazandylar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Merdangeldi Abdyjepbarow we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan Döwletmyrat Soltanmyradow hem şeýle ýokary netijä ýetdiler.

Himiýadan altyn medallaryň 6-syndan bäşisine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Aziz Kerimbaýew, Muhammetberdi Garaýew, Mekanmuhammet Garýagdyýew, Beki Jumakulyýew we Oguljan Hezziýewa mynasyp boldular. Ýene bir ýeňiji – Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekili Sona Berenowa.

Materiallaryň garşylygy dersinden altyn medallaryň 4-sini S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Begmyrat Myratmuhammedow, Ahmet Tukatow we Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan Didarjan Joraýew hem-de Pälwan Bazarow eýelediler.

Ykdysadyýet we ekologiýa ugurlarynyň hem hersinden iki medal gazanyldy. Ekologiýa ugrundan Söýenç Ahmedow we Amangeldi Askarow (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty), ykdysdadyýet ugrundan Oguljemal Ballyýewa (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) we Aýnur Bazarowa (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) ýeňiş gazandylar.

Informatika boýunça olimpiadada Türkmen oba hojalyk institutyndan Serdar Muminow we Faruh Dusniýazow altyn medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan Gülşat Gurbangeldiýewa teoretik mehanikadan gowy bilimi üçin altyn medal eýeledi.

Çyzgy geometriýasy we inženerçilik grafikasy dersinden Rahimbaý Dawletow (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) ýeňiş gazandy.

Ýene 80 – 42 kümüş we 38 bürünç medaly ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary eýelediler.

Ýokarda bellenilişi ýaly, türkmenistanly talyplar Russiýanyň uniwersitetiniň adatça üç tapgyrda geçirýän matematika boýunça olimpiadasyna hem gatnaşdylar. Olaryň ikisi eýýäm geçirildi, üçünji – jemleýji tapgyry 12-13-nji maýda geçiriler.