mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Himiýa boýunça olimpiadanyň jemi jemledi

view-icon 2512
Himiýa boýunça olimpiadanyň jemi jemledi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Türkmenistanyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guran himiýa boýunça Halkara internet-olimpiadasy – 2022-niň jemi jemlendi.

Olimpiada dünýä ýurtlarynyň 15-siniň - Türkmenistanyň, Russiýanyň, Angliýanyň, Awstriýanyň, Wengriýanyň, Belarusyň, Hytaýyň, Koreýanyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 51-sinden 300-e golaý talyp gatnaşdy.

Olimpiada uniwersitetiň bilim portalynyň Moodle platformasynda onlaýn şertde üç dilde (türkmen, rus we iňlis dillerinde) şahsy görnüşde iki – «A» we «B» toparda geçirildi (birinjide – himiýany öwrenmäge ýöriteleşen, ikinjide – himiýa esasy ugry bolmadyklar).

«A» toparda baýrakly orunlaryň 18-sini (6 birinji, 9 ikinji we 3 üçünji) ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary eýelediler. Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden Merýem Berdiýewa, Abdykerim Nurmuhammedow, Sona Berenowa, Ata Çaryýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Ogulbagt Muhammetberdiýewa we Serdar Begenjow ýeňiş gazandylar.

Şu toparda baýrakly orunlaryň 12-si ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryna berildi. Özi-de, ikinji 5 orna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary mynasyp boldular.

Daşary ýutlardan: Russiýa – 17, Koreýa – 4, Täjigistan – 4, Angliýa – 2, Wengriýa – 1, Hytaý – 1 baýrakly orun eýelediler.

«B» toparda birinji 10 ornuň ählisi türkmen talyplaryna berildi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden 5 talyp – Bagtyýar Kakamyradow, Gülşat Abdyllaýewa, Gültäç Annanepesowa, Söhbet Rahmedow, Merdan Saparow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden Rozybaý Şatlykow, Oguljeren Weliýewa, M. Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden Serdar Nepesow, Nurmyrat Gadamow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyndan Rahym Pirow dagy ýeňiş gazandylar.

Ikinji toparda baýrakly orunlaryň 32-sini ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriň, şeýle hem Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň eýelediler.

«B» toparda talyplarymyz baýrakly ýerleriň 42-sine (10 birinji, 13 ikinji, 19 üçünji) mynasyp boldular.

Bu toparda Russiýa – 10, Belarus – 2, Hytaý – 2, Malaýziýa -2, Gazagystan- 1, Gyrgyzystan-1, Rumyniýa -1 we Özbegistan – 1 baýrakly orna mynasyp boldular.

Düzgüne laýyklykda, iki toparyň hersinde bir ýokary okuw mekdepden 5 talyp çykyş edip bilýärdi, bu hem oňa gatnaşanlaryň jemi netijesi boýunça toparlaýyn bäsleşikde ýeňijini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýeňijileriň we baýrakly orunlary eýeleänleriň aglabasydygy sebäpli ýerler şeýle paýlandy:

«A» toparda Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýeňiş gazandy. Ikinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, üçünji ýere olimpiadanyň «B» toparynda ýeňiş gazanan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti mynasyp boldular. Ikinji we üçünji orna degişlilikde M. Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti düşdi.

Himiýa boýunça Halkara internet-olimpiadasynyň ýeňijilerine we baýrakly ýerlerini eýelänlere diplomlary 20-nji maýda gowşurmak göz öňünde tutulýar.

Olimpiada Oksford uniwersitetiniň, Petronas Tehnologiýa uniwersitetiniň we beýleki dünýä belli abraýly ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşandygyny hem bellemek gerek.

Bäsleşigiň meseleleri halkara tejribesi göz öňünde tutulyp düzüldi, himiýa boýunça halkara olimpiadalarynyň ençemesine girizilen ýüzlerçe mysallara garaldy we seljerildi. Oňa gatnaşanlara organiki, organiki däl, fiziki, analitik himiýadan, şeýle hem tehniki ýokary okuw mekdepleriň okuw maksatnamasynyň umumy himiýa kursundan meseleler teklip edildi.

Ý. Kakaýew adyndaky HNGU-niň wekilleriniň aýtmagyna görä, olimpiada kada we düzgüne doly laýyklykda, netiejeli, ýokary guramçylykly derejede geçirildi.