mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen-Amerikan hyzmatdaşlygynyň syýasy we ykdysady ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 3367
Türkmen-Amerikan hyzmatdaşlygynyň syýasy we ykdysady ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň Diplomatik gullugynyň Baş direktory hanym Kerol Peres we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň Birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou gatnaşdy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara ygrarlydygyny tassykladylar.

Şeýle hem taraplar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerine hem üns berdiler. Bu ugurda netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.

Diplomatlar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn üns berdiler. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Amerikan Işewürlik geňeşiniň işiniň ähmiýeti bellenildi.