Ï «Frankfoniýa-2022» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Frankfoniýa-2022» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 5439
«Frankfoniýa-2022» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistandaky fransuz institutynyň (TFI) howandarlygynda geçirilen «Frankofoniýa-2022» bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Bäsleşige paýtagtymyzdaky fransuz dili öwredilýän orta mekdepleriň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary şeýle hem TFI-de okaýanlar we fransuz dili boýunça öz bilimini hem ukybyny görkezmek isleýänler gatnaşdylar.

Halkara Frankofoniýa güni her ýylyň 20-nji martynda bellenilýär we fransuz dilinde gürleýänleri, ony öwrenýänleri we gowy görýänleri birleşdirýär. Şol gün 1970-nji ýylda dünýäniň fransuz dilli döwletleriniň Halkara hyzmatdaşlyk guramasynyň döredilendigi-de bellenilýär. Häzir bu guramada 88 sany agza döwlet bar.

Baýramyň çäginde Frankofoniýanyň döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Bu bäsleşik ýaşlaryň arasynda fransuz dilini öwrenmäge itergi bermäge we oňa bolan höwesini artdyrmaga şeýle hem Fransiýanyň taryhy we medeni däplerini wagyz etmek gönükdirilen.

Bu ýyl bäsleşigiň geçirilmegine Türkmenistan we Fransiýa üçin şanly senäniň ‒ ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gabat geldi. Şu waka mynasybetli Frankofoniýa-2022 «Fransuz dilli syýahatçylar ‒ Orta Aziýada» atly tema bagyşlandy. Bu bolsa bir asyrdan-da ozal emele gelen baý mazmunly we dostlukly taryhy gatnaşyklaryň ähmiýetini görkezýär. Bäsleşik üç ugur: «Düzme», «Surata düşürmek» we «Teatr sungaty» boýunça geçirildi.

Magtymguly adyndaky TDU-de teatr bäsleşiginiň ýeňijileriniň çykyşlary görkezildi, şol gün ýygnanan myhmanlar çärä gatnaşýanlary gutladylar. Olaryň hatarynda ‒ fransuz dili boýunça hünärmen taýýarlygy üstünlikli alnyp barylýan döwlet uniwersitetiniň, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň (Ermenistan Halkara Frankofoniýa guramasynyň agzasydyr) wekilleri şeýle hem guramaçylar bar.

Her ugur boýunça ýeňijiler – birinji, ikinji we üçünji ýerleri eýelänler kesgitlendi.

Bäsleşigiň ýeňijileri paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary boldular. Birinji ýere: teatr bäsleşiginde 27-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Timur Amanow; düzme bäsleşiginde ‒ 43-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýla Jumageldiýewa, surata düşürmek bäsleşiginde ‒ 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Kiril Melehow mynasyp boldylar.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini, şol sanda fransuz dilini hem öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Fransuz dili ýaýrawy boýunça dünýäde 5-nji, öwrenýänleriň sany boýunça ikinji ýeri eýeleýär. Bu dil diplomatiýada iň köp ulanylýan dildir. Dünýä boýunça fransuzça gürleýänleriň sany 300 million adam, olaryň aglabasy dürli ýurtlardaky ýaşy 30-a ýetmedik adamlardyr.