Ï «Türkmenhowaýollary» agentligine «Gündogdy» hususy kärhanasy bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenhowaýollary» agentligine «Gündogdy» hususy kärhanasy bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 5177

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” howa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Gündogdy” hususy kärhanasy bilen Halkara howa menziliniň toplumy üçin eltiji awtomobil ýollaryny, aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak, umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Halkara howa menziliniň toplumyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.