Ï Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gurban baýramyny bellemek hakynda Permany

view-icon 7694

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2022-nji ýylyň 9-10-11-nji iýulynda bellemeli.

2022-nji ýylyň 10-njy iýulyndaky dynç gününi 12-nji iýula — sişenbe gününe geçirmeli.

Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.