mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenler «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda kuraş göreşinde ýedi medal eýelediler

view-icon 3046

Wladiwostokda tamamlanan « Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda türkmenistanly türgenler kuraş göreşinde 13-16 ýaşlylaryň arasynda jemi ýedi – iki kümüş we bäş bürünç medal eýelediler.

Sportuň şu görnüşinde 8 ýurduň – Ermenistanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň dört sebitiniň – Tatarystanyň, Saha (Ýakutiýa) Respublikasynyň, Primorýe ülkesiniň hem-de Sibir federal okrugynyň wekilleri 9 agram derejesinde (oglanlaryň arasynda bäş we gyzlaryň arasynda dört) bäsleşdiler.

Türkmenistanyň toparyndan Sanjar Böriýew iň gowy netije görkezdi. 42 kg çenli agramda Aşgabat şäherindäki ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň 9-njy synp okuwçysy ýarym final tutluşygynyň tamamlanmagyna 3 sekunt galanda eýranly Şarafžu Abolfazly ýeňdi. S. Böriýew finalda özbegistanly Timur Rahimowdan ýeňildi we kümüş medala eýe boldy.

Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Zinat Koçmatowa 44 kg çenli agramda 8 türgeniň arasynda kümüş medala mynasyp boldy.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Dinislam Mahmaşarifow 50 kg çenli agramda, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 133-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Seýitnazar Hudaýberdiýew 60 kg çenli agramda, Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Narmyrat Myradow 71 kg çenli agramda, Türkmenabat şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Daýanç Garaýew 83 kg çenli agramda we Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Nurana Hezretowa 63 kg agyr agramda bürünç medal eýelediler.

N. Hezretowa «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda ikinji medaly gazandy. Ozal ol 65 kg çenli agramda samboçy gyzlaryň arasynda bürünç medal eýeläpdi.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndan ýeňil atetikaçy Sabina Kasymjanowa 3000 metre ylgamakda altyn we 1500 metre ylgamakda hem bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen türgenleri erkin göreşde 1 altyn we 4 bürünç, grek-rim göreşinde 1 bürünç, stol üstünde oýnalýan tennisde (oglanlaryň arasynda bilelikde) 1 kümüş medal eýeläpdiler.

«Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda türkmenistanly türgenler 16 (2 altyn, 3 kümüş, 11 bürünç) medala mynasyp bolup, umumytoparlaýyn ýaryşda 18 toparyň arasynda 10-njy orna düşdüler. Üç topar –Liwanyň, Pakistanyň we Tailandyň toparlary medalsyz galdylar.

Türkmenistanly türgenler «Aziýanyň çagalary» oýunlaryna 2008-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýärler. 2016-njy ýylda Ýakutskide geçen toplumlaýyn ýaryşda olar 9 medal eýeläpdiler.

Indiki « Aziýanyň çagalary» VIII halkara sport oýunlary 2024-nji ýylda Ýakutskide geçer.