mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Köpetdag» toparynyň ýeňiş sany artýar

view-icon 2014
«Köpetdag» toparynyň ýeňiş sany artýar

Paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda Balkanabadyň «Nebitçisini» 3:2 hasabynda utup, yzly-yzyna ikinji ýeňşini gazandy.

Milli birinjilik ugrundaky ýaryşlaryň üçünji tapgyrynyň ilkinji oýny Aşgabatda «Köpetdag» stadionynda geçdi.

Oýnuň ikinji ýarymynyň ortalarynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary Seýitmämmet Hojamämmedowyň (17-nji minut) we Serdar Annaorazowyň (53-nji minut) geçiren pökgülerinden 0:2 hasabynda utulýardy. Ýöne Tofik Şükürowyň şägirtleri ruhdan düşmedi we oýnuň soňuna çenli galan wagtda ýeňiş gazanmagy başardylar. Türkmenistan-2022 çempionatynda ilkinji bolup bir oýunda üç pökgüni garşydaşlarynyň derwezesine salmagy başaran «Köpetdagyň» (oýnuň 61-nji, 79-njy we 81-nji minutlarynda) futbolçysy Begenç Akmämmedow boldy.

Mundan öňki tapgyrda Begenç Akmämmedowyň iki pökgüni garşydaşlarynyň derwezesinden geçirdi, netijede «Köpetdag» topary «Aşgabatdan» 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Ahyrky oýundan soň 5 top salan B. Akmämmedow milli çempionatda iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň sanawynda birinji orny eýeleýär, «Köpetdag» bolsa utuk sany boýunça öňdäki orunlarda barýan 6 utukly «Şagadam» we «Merw» bilen deňleşdi. Ýöne soňky iki topar «Köpetdagdan» bir oýun az oýnady.

Awgustyň 16-synda boljak indiki oýunda «Köpetdag» «Altyn asyr» bilen onuň meýdançasynda duşuşar, «Nebitçi» bolsa şol gün Balkanabatda Marynyň «Merwini» kabul eder.

Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji tapgyry «Ahal» – «Energetik», «Şagadam» – «Altyn asyr» we «Merw» – «Aşgabat» toparlarynyň arasyndaky oýunlar bilen tamamlanar.