Ï Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýedi medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýedi medal gazandylar

view-icon 5462
Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýedi medal gazandylar
Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýedi medal gazandylar
Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýedi medal gazandylar
Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýedi medal gazandylar
Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýedi medal gazandylar
Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýedi medal gazandylar

Türkmen türgenleri Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýedi medal eýelediler.

Türkmenistanyň toparyndan Ý. Jumabaýewa silterläp, itekläp götermekde jemi netijede ilkinji üç bürünç medaly eýeledi, ony geçen ýylyň ýanwarynda Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) 45 kg çenli agramda zenanlaryň arasynda 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň ýeňijisi diýip yglan etdi.

Konýada Ý. Jumabaýewa 49 kg çenli olimpiýa agramynda çykyş edip, iki synanşygyň netijesi boýunça 167 kg ( silterläp – 74 kg, itekläp –93 kg), 2018--nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda görkezen netijesinden 12 kg az göterip, 3-nji orny eýeledi. Jemleýji hasapda 2018-nji ýylyň dünýä çempiony 172 kg (78 + 94) ştanga bäs gelen V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň ýeňijisi Duýgu Alyjiden (Türkiýe) 5 kg we 170 кg (77 + 93) netije bilen kümüş medal eýelän Şaziýe Erdogandan (Türkiýe) 3 kg pes netije görkezdi.

2017-nji ýylda Bakuda geçen öňki Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda Ýulduz 163 кg (71 + 92) göterip, dördünji orna düşüpdi.

Häzirki wagtda Ý. Jumabaýewa Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky 1-nji sport mekdebinde tälimçilik etmek bilen agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyşlaryny utgaşykly alyp barýar.

V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda 55 kg çenli agramda çykyş eden zenanlaryň arasynda 2017-nji ýylda Anahaýmda (ABŞ) geçen dünýä çempionatynyň wise-çempiony Kristina Şermetowa ýurdumyza wekilçilik etdi.

Olimpiýa oýunlarynyň dördüsine gatnaşan Ümürbek Bazarbaýewden tälim alýan türgen silterläp götermekde 89 kg netije bilen kiçi altyn medala mynasyp boldy. Ol şondan soň ikinji orunda barýan indoneziýaly Natasýa Beteýobdan 5 kg öňdedi. Emma Kristina itekläp götermekde bäsdeşinden 6 kg az agram aldy, ýagny 105 kg göterip, ikinji netije görkezdi. Netijede K. Şermetowa iki synanşykda 194 kg netije bilen kümüş medala eýe boldy.

Ildeşimizden bary-ýogy 1 kg artyk -- 195 кg (84 +111) ştanga göteren indoneziýaly Natasýa Beteýob V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň çempiony boldy. Eýranly Poupak Basami 195 кg (84 +111) netije bilen baýrakly üçlüge düşdi.

Ýedinji bürünç medaly Türkmenistanyň toparynda grek-rim usulynda göreşýän Azatjan Açylow getirdi. Ozal dünýäniň wise-çempiony bolan tanymal türgen Nepes Gukulowdan tälim alýan bu pälwan 63 kg çenli agramda şeýle üstünlik gazandy.

Azatjan Açylow bürünç medal ugrunda tutluşykda Alžir döwletinden Jebbari Abdeljebardan üstün çykdy.

Şu agramda eýranly Şirzad Beheştitala Oýunlaryň çempiony boldy. Kümüş medal gyrgyzystanly Tynar Şarşenbekowa nesip etdi. Ikinji bürünç medaly Firuz Mirzorajabow (Täjigistan) eýeledi.

V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda sportuň 24 görnüşinde 56 ýurtdan 4 müňden gowrak türgen medallaryň 483 toplumy ugrunda bäsleşýär. Türkmenistanly türgenler bu ýerde sportuň dzýudo, karate-do, kikboksing, suwda ýüzmek, erkin we grek-rim göreşleri, basketbol 3x3, ýeňil atletika, ýaý atmak we agyr atletika görnüşleri boýunça çykyş edýärler.