mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

view-icon 3115
Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi.

«Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga    gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri   bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň   ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagtyň  ýetendigini hem aýratyn üns çekdi.

Hormatly Prezidentimiz  iberen wideo ýüzlenmesinde «...  biz Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris» – diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer.

«Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahaty dowam edýär.