mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Futbol: Türkmenistanyň çempionatynda «Merw» öňe saýlandy

view-icon 3381
Futbol: Türkmenistanyň çempionatynda «Merw» öňe saýlandy

Üçünji tapgyryň netijesine laýyklykda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňdebaryjy topar belli boldy. Öz meýdançasynda «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda utan «Merw» öňe saýlandy. «Merw» toparyndan Döwletmyrat Döwletmyradow (15-nji mnutda) we Daýanç Orazgulyýew (62-nji minutda), «Ahal» toparyndan Merdan Muhadow (71-nji minutda) tapawutlandylar.

Meýdança eýeleri has uly hasap bilenem utup biljekdi. Ýöne «Merwiň» oýunçysy Begenç Allamow 43-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup bilmedi.

Ol Magtymguly Begenjowyň tälim berýän toparynyň bassyr üçünji ýeňşi. Garşydaşlarynyň derwezesinden 5 pökgi geçirip, öz derwezesine 2 pökgi goýberen klub 9 utuk bilen öňe çykdy.

«Ahalyň» we «Şagadamyň» ondan 2 utugy az. Ýurdumyzyň wise-çempiony geçen tapgyrda paýtagtymyzyň «Nisa» stadionynda Marynyň «Energetigini» iň uly hasap – 8:0 hasabynda utdy. Didar Durdyýew 16, 33 we 51-nji minutlarda tapawutlanyp, üç pökgi geçirdi. Geçen möwsümiň iň güýçli hüjümçisi Elman Tagaýew garşydaşlarynyň derwezesine (26 we 45-nji minutlarda) iki, Arslanmyrat Amanowyň (10-njy), Selim Nurmyradowyň (60-njy) we Meýlis Diniýewiň (82-nji) minutlarda hersi bir pökgi saldylar.

2021-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesi «Şagadam» Türkmenbaşy şäherinde ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyry» kabul etdi. Eýýäm birinji minutda Yhlas Magtymow häzirki möwsümde iň çalt geçirilen goluň eýesi bolup, «Şagadamy» 1:0 hasabynda öňe çykardy. «Altyn asyr» 63-nji minutda Myrat Annamyradowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi netijesinde hasap deňleşdi. M. Annaýewiň eýýäm bassyr üç oýunda gol geçirýändigini bellemek gerek.

Galan wagtda 1:1 hasap üýtgemedi. Netijede «Şagadam» çempionatda ilkinji iki utugyny giderdi, «Altyn asyr» bolsa bassyr iki oýunda utulman gelýär, ol 5 utuk bilen bäşinji orna aşak düşdi. Balkanabadyň «Nebitçisini» erjellik bilen 3:2 hasabynda utan «Köpetdag» 6 utuk bilen dördünji orunda barýar.

16-njy awgusta geçiriljek dördünji tapgyrda «Energetik» – «Aşgabat», «Nebitçi» – «Merw», «Ahal» – «Şagadam» hem-de «Altyn asyr» – «Köpetdag» klublary özara duşuşarlar.