Ï Kristina Şermetowa: agyr atletika we özüniň sporta tarap ýoly barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kristina Şermetowa: agyr atletika we özüniň sporta tarap ýoly barada

view-icon 7486
Kristina Şermetowa: agyr atletika we özüniň sporta tarap ýoly barada

Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen bäşinji Yslam raýdaşlyk oýunlarynda üstünlikli çykyş eden türkmenistanly agyr atletikaçylar täze çempionata taýýarlanyp başladylar.

Yzygiderli türgenleşikler türgenleriň durmuşynyň köp bölegini tutýar. Türgenleşik zallarynda gerek bolan ähli başarnyklaryň has hem kämilleşmeginiň üstünde işlenilýär. Biz ýokary derejede ussat agyr atletikaçy bolmak üçin nähili derejede türgenleşmelidigi barada bäşinji Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň ýeňijisi Kristina Şermetowa bilen söhbetdeş bolduk.

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyň türgen gyzy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy – Kristina Şermetowada dürli derejeli medallaryň ençemesi bar. Häzir ol Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň 6-njy sport mekdebinde tälimçi bolup işlemek bilen agyr atletikaçylaryň ösüp gelýän neslini taýýarlaýar.

Kristina çagalygynda tans bilen meşgullanyp, gimnastika gurnagyna gatnaýardy. Bir gezek kakasy ony agyr atletika mekdebine getirýär.Türgenleşikleriň başyndan tälimçi Wladimir Awagimýan ýaş türgen gyzda geljek döwürde oňat netijeleri gazanyp bilmäge uly höwes oýarýar. Şeýle hem boldy. 2009-njy ýylda halkara ýaryşlarynda ilkinji gezek çykyş eden Kristina ýetginjekleriň Aziýa çempionatynyň bürünç medalyny gazandy. Ilkinji ýeňiş sport basgançagy boýunça has-da ýokary ösüşleri gazanmaga iteriji güýç bolup hyzmat etdi.

Men agyr atletika bilen ilkinji gezek meşgullanyp başlan wagtym, aýalarymda döreýän gabarçaklara endik etmeli boldy, güýç toplamak häsiýetlerini işlemelidi we myşsa agyrlygyny ýygnamalydy – diýip, Kristina Şermetowa gürrüň berýär. – Indi meniň gün tertibim iki sagatlyk türgenleşiklerden, bediniňe ýumşaklyk häsiýetini bermek maşklaryny ýerine ýetirmekden hem-de tälimçilik işlerinden ybarat. Men kakama örän minnetdardyryn, sebäbi hut kakamyň tagallasy bilen men uly sporta geldim. Agyr atletika bilen meşgullanmagym meniň häsiýetimi taplaýardy, özüme hem-de öz mümkinçiliklerime ynamly bolmaga kömek etdi. Şeýle bolmagy elimde türgenleşik geçýän şägirtlerime hem öwredýärin. Güýç häsiýetli türgenleşikler bilen meşgullanmak üçin özüňi özüňi taplamaga örän uly isleg bolmaly.

Tokioda geçirilen 2020/2021-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy Kristina üçin iň esasy ýatda galan sport wakalarynyň biri boldy. Şonda Türkmenistanyň ýygyndy topary boýunça onuň kärdeşi agyr atletikaçy Polina Gurýewa Olimpiýadanyň taryhy kümüş medalyny gazandy. Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanmak – her türgeniň arzuwy. Şoňa görä-de, häzir biziň türgenlerimiz hem 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görýärler.

Biz sportyň ösdürilmegine hem-de sporta ýykgyn edýän ýaşlaryň terbiýelenmegine berýän ýadawsyz ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa örän minnetdar – diýip, Kristina Şermetowa aýdýar. – Döwletimiziň ýolbaşçylary tarapyndan goldaw berilmegi mundan beýläk-de üstünlikler gazanmaga kömek edýär we itergi berýär. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň halkara ýaryşlarynda ýene-de köpsanly medallary gazanyp, ýurdumyzy şöhratlandyrjakdyklaryna umyt edýärin.