Ï «Ahal» topary «Altyn asyr» toparyndan arany açdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» topary «Altyn asyr» toparyndan arany açdy

view-icon 3821
«Ahal» topary «Altyn asyr» toparyndan arany açdy

«Ahal» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň jemleýji oýnunda «Altyn asyry» 2:1 hasabynda utandan soň, bäsdeşinden utuk tapawudyny 7-ä ýetirdi.

Soňky sekiz ýylda Türkmenistanyň üýtgewsiz çempiony bolup gelýän «Altyn asyr» topary şu ýylky milli birinjilikde öňde barýan «Ahal» toparynyň altyn medal ugrunda esasy bäsdeşidir. Olaryň birinji aýlawdaky özara duşuşygy 1:1 hasabynda deň tamamlanypdy.

Paýtagtymyzyň «Nisa» stadionynda geçen duşuşykdan öň Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň toparyndan 4 utuk yzdady, eger ýeňiş gazanaýsalar öňdelige golaýlaşjakdy.

Oýnuň 17-nji minutynda Resul Hojaýew 20 metr töwregi daşlykdan «Altyn asyryň» derwezesine pökgini batly urup, tora salandan soň, toparlar «Ahalyň» peýdasyna 1:0 hasap bilen arakesmä çykdylar.

Oýnuň 65-nji minutynda derwezeban bilen ýüzbe-ýüz bolan Didar Durdyýew ýurdumyzyň wise-çempionynyň artykmaçlygyny artdyrdy. Indi Didar Durdyýewiňem garşydaşlarynyň derwezesine salan pökgüsi «Köpetdagyň» pökgi hasaynda öňe çykan hüjümçisi Begenç Akmämmedowyňky ýaly 10-a ýetdi.

86-njy minutda Röwşen Halmämmedow ýakyn aralykdan bir topy derwezä salsa-da, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyna ondan artyk üstünlik gazanmak başartmady.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 10-njy tapgyry 17-nji sentýabrda başlanar. Şol gün «Ahal» Marynyň «Energetigi» bilen myhmançylykda oýnasa, «Altyn asyr» öz meýdançasynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul eder. «Aşgabat» öz meýdançasynda «Merw», «Nebitçi» Balkanabatda Aşgabadyň «Köpetdagy» bilen duşuşarlar.