mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen futzalçylary Azerbaýjandaky türgenleşikde üçünji ýeňşini gazandylar

view-icon 1926
Türkmen futzalçylary Azerbaýjandaky türgenleşikde üçünji ýeňşini gazandylar
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň futzal boýunça ýygyndy topary Bakuwdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda üçünji ýeňşini gazandy. Ol Azerbaýjan çempionatynda oýnaýan «Record Club AZ» topary 2:1 hasabynda utdy.

Duşuşyk «Abşeron Idman» sport toplumynda geçirildi. Toparymyzdan «Köpetdagyň» oýunçysy Mülkaman Annagulyýew we «Denizçiniň» kapitany Maksat Soltanow tapawutlandylar.

Ondan öň, ilkinji synag oýnunda Guwanç Kanaýewiň şägirtleri Azerbaýjanyň futzal boýunça ýokary ligasynyň «Baku Faýr» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, ikinji oýunda bolsa Azerbaýjanyň ýygyndy toparyny 4:2 hasabynda ýeňdi.

Bakuwdaky türgenleşik tamamlanandan soň, Türkmenistanyň ýygyndy topary Kuweýte bardy. Bu ýerde ol 27-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Aziýa kubogy-2022-niň soňky ýaryşyna gatnaşar. Bu ýaryşda futzalçylarymyzyň Özbegistanyň, Bahreýniň we Täjigistanyň toparlary bilen «B» toparynda çykyş etjekdigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň ýygyndy topary 27-nji sentýabrda boljak ilkinji duşuşykda Özbegistanyň toparyna garşy oýnar. Soňra 29-njy sentýabrda Bahreýn bilen oýnar we topar ýaryşyny 1-nji oktýabrda Täjigistana garşy oýun bilen tamamlar.

Toparyň iň gowy iki topary çärýek finala çykar.

Türkmen futzalçylarynyň ýene 10 ýyldan Aziýa Kubogynyň soňky ýaryşyna gatnaşjakdygyny ýatladýarys. Olar bu hukugy aprel aýynda Bişkekde geçirilen saýlaw ýaryşynda toparda ikinji orny eýelemek bilen gazandylar. Şol ýaryşda biziň toparymyz birinji tapgyrda Gyrgyzystany 3:1 hasabynda ýeňdi, soňra Aziýanyň 12 gezek çempiony Eýrandan 0:3 hasabynda ýeňildi, ýöne ahyrky oýun gününde Maldiw adalaryny 7:0 hasabynda utdy.

Ýakyn wagtda geçiriljek Aziýa Futbol Kubogynyň jemleýji ýaryşy Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin taryhynda 7-nji oýun bolar. Türkmen futzalçylary şunuň ýaly jemleýji ýaryşlara 2005, 2006, 2007, 2008, 2010-njy we 2012-nji ýyllarda gatnaşypdy.