mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Merw» «Nebitçini» uly hasap bilen utdy

view-icon 1884
«Merw» «Nebitçini» uly hasap bilen utdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyry Maryda we Aşgabatda geçen iki oýun bilen başlandy.

«Merw» Maryda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny kabul etdi. Birinji aýlawda bu garşydaşlaryň Balkanabatdaky oýny «Nebitçiniň» ýeňşi bilen tamamlanypdy – 3:2.

Jogap oýnunda «Merw» «Nebitçini – 6:2 hasabynda utdy. Ýeňijilerden Alybek Abdyrahmanow garşydaşlarynyň derwezesine dört pökgi (41-nji., 64-nji. – jerime urgusyndan, 79-njy we 88-nji minutlarda), Toýly Goçnazarow (22-nji minutda) bilen Kemal Annamuhammedowyň (35-nji minutda) her biri bolsa bir gol geçirdiler. Utulan tarapdan Arslangylyç Nazgylyjow (44-nji minutda) we Röwşen Begjanow (70-nji minutda) tapawutlandylar.

Alybek Abdyrahmanowyň hasabynda indi 10 gol bar (şolardan 2-si jerime urgusyndan). «Köpetdagyň» hüjümçisi Begenç Akmämmedowyň geçiren gollarynyň sany-da şoňa barabar. Bombardirler «ýaryşynda» «Ahalyň» 11 gol salan hüjümçisi Didar Durdyýew öňde barýar.

Bu ýeňişden soň 22 utuk toplan «Merw» Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyrdan» 1 utuk öňde, «Ahaldan» bolsa 6 utuk yzda bolmak bilen, ikinji orna çykdy. «Altyn asyr» bilen «Ahal» olardan bir oýny kem oýnandyr.

Tapgyryň paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçen başga bir oýnunda «Aşgabat» Marynyň «Energetigini» kabul etdi. Ilkinj aýlawyň Maryda geçirilen oýnunda «Energetik» ýeňiş gazandy – 1:0. Bu gezek Aşgabat şol bir hasap bilen ýeňlişiniň öwezini doldy. Ýeňiş goluny oýnuň 7-nji minutynda Hydyrgeldi Atajanow tora girizdi.

Bu ýeňiş «Aşgabada» «Energetikden» (7 utuk) öňe geçip, 9 utuk bilen altynjy orunda mäkäm ornaşmaga mümkinçilik berdi.

Ýaryş tertibiniň ahyrynda 3 utuk toplan «Nebitçi» gelýär.

Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyry «Köpetdag» – «Altyn asyr» we «Şagadam» – «Ahal» arasyndaky oýunlar bilen tamamlanar.