19-njy noýabrda sagat 18:00-da «Watan» kinokonsert zalynda «Hindi filminiň muşdaklary üçin» atly konsert bolar. Konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Estrada sungaty» bölüminiň wokalçylary we orkestrçileri taýýarlapdyrlar.
Konsertiň maksatnamasyna «Tans et, tans et!», «Disko tansçysy», «Ar alyş we kanun», şeýle hem beýleki meşhur hindi filmleriniň aýdymlary girer. Konsertiň çeper ýolbaşçysy we režissýory – Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Maýsa Mämmetjumaýewa.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 921865, +99364145239, 8655566381.