Ï «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen surata 60 ýyl boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen surata 60 ýyl boldy

view-icon 99
«Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen surata 60 ýyl boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň hemişelik sergileriniň birinde «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen eser ýerleşdirilendir. Onuň awtory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Mämmet Mämmedowdyr.

Ajaýyp türkmen kompozitory barada köpsanly suratlar çekildi. Olaryň arasynda Durdy Baýramow, Ýarly Baýramow, Abdylla Abdyllaýew, Hajy Atakgaýew ýaly meşhur suratkeşleriň işleri hem bar. Muňa garamazdan, şu güne çenli Nury Halmämmedowyň iň şowly çekilen portreti Mämmet Mämmedowyň galamyna degişlidir. Bu surata bir gezek seretmek ýeterlikdir, ol ýadyňda hemişelik galýar. Bu ýyl «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen surata 60 ýyl dolýar.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, sungaty öwreniji Azat Annaýew bu suraty şeýle beýan etdi:

– Mämmet Mämmedowyň «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen eserinde sazanda obanyň tebigy manzarynyň fonunda, uzakda asyrlyk tut agaçlarynyň arasynda şekillendirilipdir. Nury Halmämmedowyň özi bolsa garry tut agajyna söýenip, onuň düýbüniň titremesini bedeni bilen duýýan ýaly täsir galdyrýar. Kompozitor agajyň şahalaryna, güýz tebigatynyň seslerine diň salýan ýaly we täze sazlaryny aýdyň duýýan ýaly görünýär.

Suratkeş Nury Halmämmedowy açyk gyzyl köýnekde şekillendiripdir, onuň reňki güýz simfoniýasynda esasy akkord bolup ýaňlanýar. Bu ýerde manzaryň her bir bölegi eseriň kompozisiýasynyň we reňk sazlaşygynyň bitewüligini saklap, öz partiýasyny ýerine ýetirýär. Gyzgyn gyzyl reňk bilen güýzüň salkyn reňkiniň arasyndaky tapawut gözýetimiň gyzyl-sarymtyl zolagynda dowam edýär.

Gözýetimiň al gyzyl çyzygy dowam edýär, ol ömür ýaly, ylhama meňzeş ebedidir. Suratkeş «ömür» diýlip atlandyrylýan bu gutarnyksyz prosesiň bir pursadyny suratlandyrmagy başarypdyr. Bu bolsa genial adamyň ömrüdir!

Emma bu suratyň mazmuny barada iki hili düşündiriş bar. Birinjisine görä, kompozitor nobatdaky eserini döredýän mahaly döredijilik oýlanmalary pursadynda şekillendirilipdir. Bu pikiri eseriň ekin meýdany, bäş sany tut agajy we ösüp oturan gamyşly oba manzary şekillendirilen ikinji plany hem tassyklaýar. Bu eziz mekanyň tebigatynyň hem-de kompozitoryň zehininiň bitewüligini aňladýar.

Ikinji düşündiriş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, meşhur multiplikator Ýewgeniý Mihelsonyň Jemile Gurbanowanyň «Nury Halmämmet» kitabynda paýlaşan ýatlamalary bilen baglanyşyklydyr: kabul ediş komissiýasy tarapyndan täze eseriň ara alnyp maslahatlaşylýan mahaly kompozitor tolgunyp zaldan çykypdyr we karara garaşyp, howludaky agajyň düýbüne daýanyp ýalňyz durupdyr.

Suratkeş tarapyndan örän takyk geçirilen ruhy dartgynlylyk we güýçli tolgunmalar Ý.Mihelson tarapyndan beýan edilen pursada gabat gelýär, emma ol öz ýatlamalarynda ikinji planda bolmaly howlyny ýatlaýar, surata bolsa oba manzary geçirilipdir.

Eger bu hakykata diňe şekil hökmünde garalmasa, bu portretiň özüne çekijiliginiň syryny açyp bolar. Beýik kompozitoryň zehininiň güýjüni beýan etmäge çalyşan beýleki suratkeşlerden tapawutlylykda, Mämmet Mämmedow kompozitory başgaça – akýürekli, duýgur we öz eseri üçin tolgunýan adam hökmünde görkezdi. Ony gurşap alan adamlaryň ýatlamalaryna görä, ol adaty çäklere sygmaýan häsiýetli adam hem-de genial şahsyýet bolupdyr. Şonuň üçin hem bu görnüşiň tarapdarlary tarapyndan Mämmet Mämmedowyň «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» eseri başga, näbelli Nury Halmämmedowy açyp görkezmek hökmünde kabul edilýär.

Suratkeş kompozitor bilen halk arasynda berekediň nyşany diýlip atlandyrylýan tut agajynyň arasynda meňzeşlik geçirýär. Agaç ýüpek gurçugyna iým hökmünde kesilýär, ol bolsa Feniks guşy ýaly täzeden şaha ýaýratýar. Bu agajyň miweleri guşlara we çagalara nähili beýan edip bolmajak şatlyk getirýär. Tut agajy öz mazmuny boýunça beýik kompozitoryň üýtgeşik şahsyýeti bilen deňeşdirilmäge mynasypdyr.

Suratkeş bilen kompozitoryň ykbalynyň umumylygy haýran gаldyrýar: olaryň ikisi hem 1938-nji ýylda doguldy, ikisi hem ene mährini görmediler we çagalar öýünde terbiýelendiler. Ikisi hem Russiýanyň abraýly döredijilik ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim aldylar.

1964-nji ýylda Mämmet Mämmedow I.Repin adyndaky Leningrad suratçylyk, heýkeltaraşlyk we binagärlik institutyny tamamlap, döredijilik meýilnamalary, hyýallary we hyjuwy bilen Türkmenistana dolanyp gelýär. Mämmet Mämmedow barada şeýle diýmek bolar: ol öz wagtynda we degişli ýerinde peýda boldy. Geçen asyryň 60-njy ýyllary Türkmenistanyň suratçylyk üçin adatdan daşary göteriliş döwri boldy. Zehinli suratkeşleriň toplumy emele geldi. Sungaty öwreniji Galina Saurowa tarapyndan şeýle atlandyrylan ýedi sany türkmen suratkeşlerinden ybarat «Ajaýyp ýedilik» toparyny ýatlamak ýeterlikdir. Onuň düzümine Mämmet Mämmedow hem girýärdi. Şol döwür üçin olar Türkmenistanyň akademiki sungatyna täze garaýşy, özüňi beýan etmegiň täze görnüşlerini hem-de başgaça plastikany getiren awangard suratkeşlerdi.

Mysal üçin, «Garagum» diýen suraty alalyň. Mämmet Mämmedow planetanyň iň uly çölleriň biriniň diňe bir kiçi bölegini şekillendirdi we gum depeleriniň yzygiderliligini umman tolkunlary görnüşine geçirdi. Awtoryň meňzeş çal-goňur reňklere ohra reňkini goşmagy bilen gum depeleri özleriniň köpsanly buýralary bilen dillendiler. Ondan öň hiç kim Garagumy beýle suratlandyrmandy.

Suratkeş Mämmet Mämmedowyň surat söýüjilerine gowy belli bolan we Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýan köpsanly suratlary bar. Olaryň arasynda «Suwa bolan dileg», «Toý», «Älem barada söhbet» we beýleki eserler bar. «Suwa bolan dileg» diýen eser awtora uly meşhurlyk getirdi. Emma wagt hemme zady öz ýerine goýdy: köpsanly muşdaklarynyň ykrar etmegi netijesinde «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen eser netijede suratkeşiň mirasynda esasy orny eýeledi.

* * *

«Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» diýen eser kompozitory-da, suratkeşi-de duýgylaryň akýürekliligi bilen tomaşaçylary haýran gаldyrmagyny dowam edýär. Sebäbi Nury Halmämmedowyň ebedilik mirasy – watandaşlaryna we tutuş dünýä sowgat hökmünde ýüreginden çykan meşhur sazy bar.