Ï «Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» döwletara maksatnamasyna bagyşlanan sergide Türkmenistan hem wekilçilik etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» döwletara maksatnamasyna bagyşlanan sergide Türkmenistan hem wekilçilik etdi

view-icon 6796
«Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» döwletara maksatnamasyna bagyşlanan sergide Türkmenistan hem wekilçilik etdi

GDA-nyň Minskdäki merkezinde açylan «Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» döwletara maksatnamasyna bagyşlanan sergide Türkmenistan hem wekilçilik etdi.

Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň kitaphanasy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maglumat-öwreniş bölümi bilen bilelikde bu çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdi.

Onda Arkalaşygyň Medeni paýtagty derejesi berlen şäherler hakyndaky GDА-nyň taryhy Muzeýiniň kitaplary, fotoalbomlary we gymmatlyklary görkezildi. Şol şäherleriň arasynda Daşoguz şäheri hem bar. Bu şäher Russiýanyň Woronež we Täjikistanyň Kulýab şäherlerinden estafetany alyp, Arkalaşygyň medeni paýtagty derejesine eýe bolan 12-nji şäherdir. Daşoguz halyçylykda, ýüpekçilikde we zergärçilikde uly şöhrata eýe bolandyr. Daşoguz dessançy bagşylary bilen hem meşhurdyr.

2012-nji ýylda Mary şäheri GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Taryhyň dürli döwürlerinde Mary şäheri dünýäniň öňdebaryjy medeni merkezleriniň biri hasaplanypdyr.

Gadymy Merwde Abu Ali ibn Sina, Omar Haýýam, Merwezi, Enweri, Hoja Ýusup Hemedani, Ýakut al Hamawy, Mollanepes ýaly meşhur alymlar, lukmanlar, şahyrlar ýaşapdyr.

«Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» taslamasy 2010-njy ýylda Minskdäki ynsanperwerlik ugurda pudaklaýyn hyzmatdaşlyk guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji Utgaşdyryjy ýygnagynda kabul edildi.

Taslama GDA-nyň 17 şäherinde durmuşa geçirilip, döwletleriň medeniýet ulgamda gatnaşyklary ösdürmäge özüniň goşandyny goşdy. Bu ýylda maksatnamanyň çäreleri Gyrgyzystanyň Karakol şäherinde geçirilýär.

2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen GDA-nyň medeni paýtagtlarynyň sanawyna ýene-de bir şäher - Sankt-Peterburg goşuldy.