Ï Doganlyk halklaryň dostluk festiwalyna gabatlanan täze sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Doganlyk halklaryň dostluk festiwalyna gabatlanan täze sergi

view-icon 4928

Daşoguzda türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täze sergi gurnaldy. Onda ýerli nakgaşlaryň we heýkeltaraşlaryň türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna we ýörelgelerine, dogduk topragyň, şol sanda ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň gözelligene bagyşlanan işler görkezilýär.

Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy B.Annamedowyň «Bagşy gelin», «Awçy», «Jerenler» we beýleki heýkelleri çeperligi, ümüni, kaddyny takyk beýan edişi bilen özüne çekýär. Sebitde tanymal žiwopisçiler O.Şyhyýewanyň, G.Babaýewiň, M.Kakabaýewiň manzarlarydyr natýurmortlary ýagtylyk-kölege çaprazlygynyň ýerlikli ulanylmagynda ajaýyp türkmen topragynyň, onuň taryhy ýerleriniň, eziz Diýarymyzyň sahawatly topragynyň naz-nygmatlarynyň özboluşly gözelligini, milli däpleriňdir ýörelgeleriň çuňňurlygyny ussatlarça açyp görkezýärler. Duýgylara täsirli, reňklere baý we dürli žanrlarda hem-de usullarda çekilen eserler Daşoguzdaky uly medeni çärä üýtgeşik öwüş çaýdy.

Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýurdumyzda durmuş-medeni ähmiýetli binalara bildirilýän döwrebap dünýä ölçeglerine we ýokary talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde özboluşly eksponatlary saklamak, görkezmek, ylmy barlaglary we dikeldiş işlerini geçirmek üçin ähli şertler döredilip, hemişelik esasynda arheologik hem-de etnografik, tebigat we şekillendiriş sungaty şeýle hem welaýatyň häzirki gazananlarydyr täze gurulýan binalary barada gürrüň berýän sergiler guralýar.

Ýurdumyzda geçirilýän medeni çärelere, giňden bellenilýän şanly senelere we baýramlara görä, muzeýiň tematiki sergileri yzygiderli täzelenýär.