Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Dolanaý» atly täze çeper filmde surata düşmek üçin, aktýor gözden geçirilişine gatnaşmaga çagyrýar.
Guramaçylar geljekki filmiň jikme-jikliklerini aýan etmäge howlukmaýarlar, sebäbi hut şu wagt filmiň taslamasy – taýýarlyk döwründe. Diňe iki sany baş gahrymanyň çylşyrymly ykbally gyzlardygy belli. Režissýory Arslan Eýeberdiýew bolan bu filmiň esasy wakalary häzirki paýtagtymyzda we onuň töwereginde bolup geçer.
Kasting wekiliniň aýtmagyna görä, bu film synaglaryna gatnaşmak üçin, jynsyna, ýaşyna, milletine, hünärine garamazdan, islendik adam ýüz tutup biler. Taslama üçin hasaba alnandan soň, oňa gatnaşýanlar filmden monologlaryň nusgalaryny alyp, surata düşürilýän meýdançada kameranyň öňünde okamaly bolarlar.
Ýöne bu filme düşüp bilmeseňiz hem, göwün etmäň. Synag üçin alnan parçalary özünde jemleýän wideoarhiw kinostudiýada saklanýar, şol sebäpli siziň arzalaryňyz başga taslamalar üçin göz öňünde tutulyp bilner.
Döredijilik synagyna gatnaşmak üçin, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kasting merkezine ýüz tutmaly.
Habarlaşmak üçin telefon belgi: 49-37-01.