«Saz, köňül, kino!» konserti tamamlanandan soň biz konsertiň guramaçylary Röwşen Nepesow we Döwletmämmet Ökdirow bilen söhbetdeş bolduk.

– Häzir sazandalar toparlary gyzykly konsertleri bilen muşdaklarynyň göwnüni tapýarlar. Döredijilik toparlarynyň her biri diňleýjileri ajaýyp saz eserleri bilen özüne maýyl edýär. Bu barada gysgaça aýdyp bersediňiz.

R. Nepesow: Saz durmuş ýagdaýynyň aýnasydyr. Sazandalaryň öz isleýşine görä konsert eserlerini saýlamaga mümkinçiligi bar. Biziň döredijilik toparymyzda üç nesle degişli: 20, 30 we 40 ýaşly üç dirižýor bar: Döwletmämmet Ökdirow, Eziz Nyýazow we men. Her kim durmuş depginini özüçe duýýar, şonuň üçin hem jedeller hem ýüze çykýar, ýöne hut şeýle jedeller netijesinde-de gowy maksatnama kemala gelýär. Jon Uilýamsyň «Şindleriň sanawy» filimindäki saza ýüzlenmegi D. Ökdirow teklip etdi. Eger-de Bahram Dolýyýewiň sakripkasy bolmadyk bolsa, men oňa razy bolmazdym. Şeýle wezipä diňe Bahram hötde gelip biljekdi. Biziň Türkmenistanda ilkinji bolup «Üç ýaprak» ady bilen uly bir pýesa birleşdirilen üç pýesany ýerine ýetirendigimizi ýeri gelende aýtmak gerek.
D. Ökdirow: Kompozitor Jon Uilýams şu sazy üçin Oskar baýragyna mynasyp boldy. Tutuş filmiň dowamynda skripka sazy ýaňlanýar. Sazy belli skripkaçy Ishak Perlman çaldy. Sazyň üstünligi şunda-da – ol pajygaly waka barada agras gürrüň berýär, bu bolsa diňleýjileri has-da güýçli tolgundyrýar.
R. Nepesow: Meniň soňky «Duýgylar mozaikasy» eserim dördünji gezek ýerine ýetirildi, ol bu konsertde täzeçe beýan edildi. Ony orkestr üçin täzeden işlemegi orkestriň sazandalary teklip etdiler. Diýmek, diňe bir sazlary ýerine ýetirmekde däl, eýsem konsert düzmekligede toparymyz bolup gatnaşýarys. Diňleýjileriň öňündäki her çykyşymyz – kär kämilligine tarap ýene bir ädim, çalynjak sazalry saýlanymyzda, ozaly bilen, özümiz ondan lezzet alýarys, diňe şondan soň tomaşaçylaryň saz diňlemegini däl, eýsem olaryň çuňňur duýgudaşlygyny gazanmaga çalyşýarys.
– Size geljekde-de uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris, täze gyzykly konsertlere garaşýarys!