mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Ahal» topary Türkmenistanyň çempionlygyna barha golaýlaşýar

view-icon 2449
«Ahal» topary Türkmenistanyň çempionlygyna barha golaýlaşýar

«Ahal» toparynyň futbolçylary myhmançylykda geçiren 22-nji tapgyryň oýnunda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny utup, ilkinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolmaga ýene bir ädim golaýlaşdylar.

Didar Durdyýewiň 57-nji minutda geçiren ýeke-täk goly oýnuň ykbalyny çözdi. Ol «Ahalyň» hüjümçisiniň häzirki çempionatda garşydaşlarynyň derwezesine salan 19-njy (3-sini – 11 metrlik jerime urgusyndan) pökgüsidir. Ol şeýle görkeziji bilen ussat oýunçylaryň arasynda öňde barýar. 17 gol geçiren (4-sini – 11 metrlik jerime urgusyndan) Alibek Abdurahmanow («Merw») ikinji, Begenç Akmämmedow («Köpetdag») 16 pökgi bilen (2-sini – 11 metrlik jerime urgusyndan) üçünji orunda barýarlar.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyr» Mary şäherinde «Energetik» topary bilen duşuşdy we 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Arslan Saparowyň 8-nji we Ahmet Nurmedowyň 17-nji minutlardaky takyk urgulary «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyna ýeňiş getirdi.

Pellehana çenli galan 6 tapgyrda «Ahal» toparynyň 60 utugy bar, ikinji orundaky «Altyn asyr» toparynyň ondan 11 utugy az. «Köpetdag» toparyndan 5 utuk artyk toplap, üçünji orunda ýerleşen «Merwiň» 36 utugy bar.

Türkmenbaşynyň «Şagadamynyň» Türkmenistanyň IIM-niň toparynyň yzyndan ýetmäge gowy mümkinçiligi bardy. Ýöne ol myhmançylykda «Aşgabat» toparyndan 0:1 hasabynda utulyp, 28 utuk bilen 5-nji orunda galdy.

Merdan Muhadowyň 58-nji minutda 11 metrlik jerime urgusy bilen ýeňiş gazanan «Aşgabat» topary 23 utuk bilen 6-njy orunda barýar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 23-nji tapgyry «Merw» ̶ «Energetik», «Köpetdag» ̶ «Aşgabat», «Şagadam» – «Nebitçi» toparlarynyň oýny bilen başlanyp, «Ahal» we «Altyn asyr» toparlarynyň duşuşygy bilenem tamamlanar.