Ï «Gyzyl kürte» filmi «Bastau» Halkara film festiwalynda görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gyzyl kürte» filmi «Bastau» Halkara film festiwalynda görkeziler

view-icon 7676
«Gyzyl kürte» filmi «Bastau» Halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň filmi noýabr aýynyň 29-yndan dekabr aýynyň 4-i aralygynda Gazagystanda geçiriljek talyp filmleriniň we ilkinji alnan filmleriň «Bastau» Halkara festiwalynyň bäsleşikden daşary meýilnamasyna girizildi.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşiginiň önümi bolan «Gyzyl kürte» filmi 2-nji dekabrda Almaty şäherinde görkeziler.

Urşa giden söýgüli ýaryna wepaly oba gelniniň ykbaly barada gürrüň berýän filme ýakyn we uzak ýurtlaryň köpüsinde tomaşa edilendigini ýatladýarys. Türkmenistanda «Medeniýet hepdeligi-2022»-niň çäginde bu filmiň giň halk köpçüligine görkezilişi boldy.

Bir ýylyň dowamynda Sahysalyh Baýramowyň bu filmi Ýekaterinburgda Ýewraziýa yklymynyň «Altydan bir» atly ilkinji alnan filmleriň festiwalynda, Belarusda «Ліcтапад-2022» Minsk halkara film festiwalynda, şeýle hem Türkiýede Türk dünýäsiniň «Gorkut ata» halkara film festiwalynda görkezildi. Bu ýerde režissýor «Türk medeniýetine goşan goşandy üçin» diýen baýraga mynasyp boldy.