Ï Türkmenistanda maýyl we ýagyşly howa bolmagyna garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda maýyl we ýagyşly howa bolmagyna garaşylýar

view-icon 2995
Türkmenistanda maýyl we ýagyşly howa bolmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ilkinji çaklamalaryna görä ýurdumyzyň köp böleginde + 19 gradusa çenli maýyl howa bolar.

Şol bir wagtyň özünde, hepdäniň dowamynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +10… +12, gijelerine 0…-2 gradus bolar. Dynç günlerinde howanyň temperaturasy +16... gradusa çenli ýokarlanar.

Ahal welaýatynda hem bulutly we açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +8… +13, gijelerine -3… +2 gradus bolar. Çarşenbe güni ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Hepdäniň ahyrynda howanyň temperaturasy +18 gradusa çenli maýlar. Howa gijelerine + 7 gradus bolar.

Balkan welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +7… +12, gijelerine -4...+1 gradus bolar. Howa hepdäniň ahyrynda + 18... gradusa çenli maýlar.

Mary welaýatynda az wagtlyk ýagşyň ýagmagyna we ýeliň bolmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +8…+13, gijelerine 0… -5 gradus bolar. Howa hepdäniň ahyrynda + 19... gradusa çenli maýlar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +6… +11, gijelerine -1…-6 gradus bolar. Dynç günlerinde howanyň temperaturasy +17... gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +7… +12, gijelerine -4…-9 gradus bolar. Dynç günlerinde howanyň temperaturasy +12... gradus bolup, ýagyş ýagar.