Ï Žurnalistika bagyşlanan ömür
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Žurnalistika bagyşlanan ömür

view-icon 4256
Žurnalistika bagyşlanan ömür

Okyjylar ençeme ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «Wladimir Komarow» diýlip gol çekilen makalalar we fotosuratlar bilen tanşyp geldiler. Žurnalist Wladimir Mihaýlowiç Komarowyň makalalaryny okyjylaryň köpüsi we kärdeşleri materialyň berlişiniň üýtgeşikliginden tanardylar. Gynanasagam, birki günlükde uzaga çeken keselden soň türkmen žurnalistiaksynyň ýaşulusy Wladimir Mihaýlowiç Komarow aradan çykdy.

Geçen asyryň ortasynda mekdebi tamamlandan soň, ol deň-duşlarynyň köpüsi ýaly awiasiýa höwes edip, Rigadaky raýat awiasiýasynyň ýörite gulluklary orta hünär mekdebine okuwa girýär. Okuwy tamamlandan soň öz ugrundan Raýat awiasiýasy müdirliginde tehnik bolup işleýär, şol bir wagtyň özünde Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň agşamky bölüminde okaýar.

Onuň fotosurat düşürmäge bolan çagalyk höwesi oňa täze hünär edinmegine, oňa ömrüniň ahyryna çenli wepaly bolmagyna getirdi. Ol türkmen awiatorlarynyň hatarynda Ulýanowskide gulluk saparynda boldy. Yzyna gaýdyp gelenden soň Müdirligiň ýolbaşçylary talyp-filologdan köptiražly «Воздушная трасса» pudak gazetine sapar barada makala taýýarlamagy tabşyrdy. Wladimir Mihaýlowiç diňe bir makala taýýarlaman, eýsem ony ençeme fotosurat bilenem bezedi. Ýigidiň ukuplydygyny aňyp, ony «Воздушная трасса» gazetine işe aldylar.

Soňy bilen Komarowyň uçarmanlar, burawlaýjylar, geologlar baradaky gyzykly oçerkleridir reportažlaryna «Туркменская искра», «Комсомолец Туркменистана», «Вечерний Ашхабад» ýaly esasy gazetlerde üns berdiler. 1974-nji ýylda oňa «Вечерний Ашхабад» gazetiniň senagat bölüminiň habarçysy bolup işe gelmegi teklip etdiler.

Şondan bäri Türkmenistanyň ykdysadyýet, gurluşyk we senagat ulgamyndaky täzelikleri hem-de üstünlikleri žurnalist Komarowy gyzyklandyrýan esasy tema öwrüldi.

Soňky ýyllarda W. Komarow «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynda janaýamazakly zähmet çekdi, ol ýaş işgärlere tejribesini öwretdi.

2015-nji ýylda ykdysadyýet meselelerini beýan etmekde köpýyllyk janaýamazakly zähmeti we kärine ussatlygy üçin Wladimir Komarowa «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly at dakyldy. W. Komarow Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilýän «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň baýragynyň eýesidi, şeýle hem köpsanly fotosuratlar bäsleşikleriniň ýeňijisidi.

Ussat žurnalist we ajaýyp adam Wladimir Komarow hakda ýagty ýatlamalar ýüreklerimizde saklanar. Onuň köpsanly makalalary we fotosuratlary ýene köp wagtlap ýaş işgärler üçin žurnalistikada hakyky ussatlygyň nusgasy bolup galar.