Ï «Artyk» gümrük nokady 2022-nji ýylyň iş netijelerine görä, iň gowy geçelge diýlip ykrar edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Artyk» gümrük nokady 2022-nji ýylyň iş netijelerine görä, iň gowy geçelge diýlip ykrar edildi

view-icon 3869
«Artyk» gümrük nokady 2022-nji ýylyň iş netijelerine görä, iň gowy geçelge diýlip ykrar edildi

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda bäsleşigiň netijeleri jemlendi. Onuň barşynda 2022-nji ýylda geçirilen işleriň netijelerine görä, ýurdumyzyň iň gowy gümrük nokady kesgitlendi. Ýeňiji saýlananda, guramaçylyk komiteti gümrük düzgüniniň bozulmagynyň öňüni almak boýunça işleriň guralyşyny, wezipeli şahslaryň hünär derejesini, köpçülikleýin sport we medeni aň-bilim işleriň geçirilişini göz öňünde tutdy.

Bäsleşigiň ýeňijisi Ahal welaýat gümrükhanasynyň Türkmen – Eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk» gümrük nokady boldy. Bu nokadyň ösen infrastrukturasy bar. Ol häzirki zaman maddy-tehniki esasy, rentgen enjamlaryny, ýük ýokançlyksyzlandyrma ýerlerini, gulluk itleri üçin otaglary öz içine alýar. Geçelgäniň yhlas bilen dogry guralan işi, dürli oňaýsyzlyklaryň we üstaşyr ulaglaryň dyknyşygynyň öňüni almak üçin şertleri döretmäge, iki ýurdy birleşdirýän döwlet serhedinden gatnawy artdyrmaga gönükdirilendir.

«Artyk» gümrük nokadynda Türkmenistan serhediniň üsti bilen HÝG (Halkara ýol gatnawy) depderçesini ulanyp, ýük daşaýan ulaglar üçin «ýaşyl geçelge» döretmek boýunça iň oňat tejribe girizildi. BMG-niň Konwensiýasyna esaslanýan bu halkara üstaşyr ulgamy halkara ýük gatnawlarynyň tizliginiň ýokarlanmagyna goşant goşýar, Türkmenistanyň halkara ulag geçelgeleriniň ulag-logistika kompaniýalary üçin özüne çekijiligini artdyrýar. HÝG işlemi boýunça ýük daşalanda, «Artyk» gümrük geçelgsine TIR-EPD goşmaça programma arkaly deslapky maglumatlary ibermek bolýar.

Ýanwar aýynda Türkmenistana sapar eden Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) wekiliýeti «Artyk» gümrük nokadynda «ýaşyl zolaklaryň» guramaçylygy bilen tanyşdy. IRU wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri bilen sanly HÝG ulgamynyň ornaşdyrylmagy, Türkmenistanyň çäginde üstaşyr we halkara awtomobil arkaly daşama amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, ulanylýan HÝG depderçesiniň sanlylaşdyrylmagy we ýük barada deslapky maglumatlaryň iberilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.