Ï Çal, gitara: Aşgabatda Selim Gurbansähedowyň konserti boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çal, gitara: Aşgabatda Selim Gurbansähedowyň konserti boldy

view-icon 5274
Çal, gitara: Aşgabatda Selim Gurbansähedowyň konserti boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýaş gitaraçy Selim Gurbansähedowyň saz agşamy boldy, onda ähli döwürde ýürege ýakyn meşhur eserler täzeçe ýerine ýetirildi.

Tanymal kompozitor, dirižýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň, kirişli saz gurallary orkestriniň sazandarlygynda Gloriýa Geýnoryň «I will survive», «Ласковый май», «Ak bägüller», «Modern Talking» toparynyň ençeme meşhur aýdymlary ýaňlandy.

Soňky döwürde gitara we gitara sazyna muşdaklaryň Türkmenistanda has artýandygyny bellemek gerek. Şunda köp babatda bu saz guralyna höwes döretmegi başarýan zehinli mugallymlaryň hyzmaty uludyr.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Myrat Gurbanowy tejribeli mugallymlaryň hatarynda görkezmek bolar. Ol gitara ussatlarynyň ençemesini ýetişdirdi. Myrat Gurbanowyň başlangyjy bilen konserwarotiýada her ýyl geçirilýän konsertlerde Aşgabatdaky sazçylyk mekdepleriniň ýaşajyk gitaraçylary öz ukyp-başarnygyny görkezýärler.

Selim Gurbansähedow hem öz wagtynda Myrat Gurbanowdan tälim aldy. Gitara çalýan oglan indi artist çykdy. Bu gün ol halypasyna minnetdarlygyny beýan etmek üçin öz mugallymyny özbaşdak konsertine çagyrdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaş nesliň dürli ugurlarda –döredijilik ulgamynda, ylymda, IT-tehnologiýalarda we beýleki kärlerde öz zehin-başarnygyny açyp görkezmäge mümkinçilik döredilmeginiň belli bahasy ýokdur.