Ï Kämil akkumulýator batareýalary öndürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kämil akkumulýator batareýalary öndürilýär

view-icon 3220
Kämil akkumulýator batareýalary öndürilýär

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda aýratyn orna eýe bolýan telekeçilik ulgamynyň öňden hereket edip gelýän iri kärhanalar bilen ysnyşykly işlemekligi bolsa halk hojalygy üçin zerur bolan ýokary hilli önümleri öndürmäge aýratyn ýardam edýär.

Türkmenabat şäherindäki S. A. Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy bilen işlerini sazlaşykly ýola goýan, özüniň ýokary hilli önümleri bilen adygan kärhanalaryň biri hem awtoulaglar üçin akkumulýator batareýalaryny öndürýän «Kökçi» hojalyk jemgyýetidir. Özünde işçi-hünärmenleriň 80-e golaýyny jemleýän, bölümleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän bu hojalyk jemgyýetinde ulag serişdeleri üçin zerur bolan akkumulýator batareýalarynyň ýük we ýeňil awtoulaglar üçin «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» hil nyşanly 60, 65, 75, 90, 100 hem-de 190 görnüşleri öndürilip, alyjylara hödürlenýär, şeýle hem goňşy döwletlere eksport edilýär. Önümçilik gerimi barha giňeýän kärhanada tamamlanan 2022-nji ýylyň dowamynda dürli kuwwatlykly akkumulýatorlaryň 45 müň 700-e golaýynyň öndürilmegi bu ýerde işleriň gurmaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Öndürilen ýokary hilli önümiň 16 müň 788 sanysy bolsa daşary ýurtlara eksport edilipdir. Ýeri gelende «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň 2016-njy ýylda esaslandyrylandygyny, bu kärhananyň ýurdumyzda akkumulýatorlar batareýasyny öndürýän ilkinji hususy kärhanadygyny aýdyp bolar.

Hojalyk jemgyýetiniň Türkiýäniň we Ýaponiýanyň kämil enjamlary oturdylan bölümlerinde çig mal hökmünde ulanyşdan galan akkumulýatorlaryň gurşunlary, şeýle hem himiýa kärhanasynyň käbir önümleri peýdalanylýar. Her günde 300 – 350 töweregi akkumulýator batareýalaryny öndürýän kärhananyň önümçiligini giňeltmeklik üçin hem tutumly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetinde Hindistandan we Hytaýdan getirilen häzirkizaman enjamlaryny oturtmak we işe girizmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Gurnaýyş işleriniň tamamlanyp, täze kämil enjamlaryň işe girizilmegi bolsa, önümçiligiň möçberini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer. «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzda geçirilýän önümçilik sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny, şonuň netjesinde bu kärhana bilen dürli döwletleriň önüm öndürijileriniň, şol sanda Germaniýa, Owganystan ýaly döwletleriň belli kompaniýalarynyň hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýändiklerini hem belläp geçmek bolar.