Ï Nakgaş Rahman Umarowyň 55 ýaş ýubileýine bagyşlanan sergi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nakgaş Rahman Umarowyň 55 ýaş ýubileýine bagyşlanan sergi geçiriler

view-icon 4636
Nakgaş Rahman Umarowyň 55 ýaş ýubileýine bagyşlanan sergi geçiriler

Türkmenistanyň Çeper sergiler müdirliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezi tanymal türkmen nakgaşlary, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri, şeýle hem sebit we halkara sergilerine gatnaşyjylar, är-aýal Rahman hem-de Dilber Umarowlaryň döredijilik sergisine çagyrýar.

Nakgaş Rahman Umarowyň 55 ýaş ýubileýine bagyşlanan «Sazlaşyk» atly sergi şekillendiriş sungatynyň muşdaklaryny nakgaşyň häzirki döredijilik döwrüni görkezýän ajaýyp žiwopis kompozisiýalary, realistik portretler, tebigatyň ajaýyp görnüşleri, şeýle hem täsirli natýurmortlar bien tanyşdyrar.

Dilber Umarowa hem öz gezeginde kiçi görnüşli bezeglik keramika işlerini görkezer. Nakgaşyň ýelmenip ýasalan işleri – mähri we päkýürekliligi bilen ýüreklere tasir edýän ajap keşpleri ýiti we şahyrana döredijiligiň giden bir dünýäsidir.

Sergi 9-njy fewralda sagat 16-00-da açylar. Girmesi mugt.