Ï Türkmenistanda ABŞ-nyň artistleriniň çykyşy bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ABŞ-nyň artistleriniň çykyşy bolar

view-icon 3595
Türkmenistanda ABŞ-nyň artistleriniň çykyşy bolar

Türkmenistanda 10 günlük medeni maksatnamanyň çäklerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň artistleri Keýt Bass we Aaron Ýang çykyş ederler.

Olar meşhur Brodweý mýuziklleriniň eserlerini ýerine ýetirerler.

Brodweý dünýäde mýuziklleriniň merkezi hökmünde amerikalylaryň we daşary ýurtlularyň arasynda has meşhurdyr.

Brodweýiň aýdym-saz komediýasy köpçülikleýin tomaşaçylara niýetlenendir, sahna şowhunynyň mazmunynyň elýeterliligi we ýönekeýligi, tans we akrobatik çykyşlary hem-de sazlaryň kontrasty bilen tapawutlanýar.

Konsert 10-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.

Saparyň dowamynda olar Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň wekilleri bilen tejribe alyşarlar, Maý Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we Türkmenistanyň Döwlet horunyň artistleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçirerler.