mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň wekilleri ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşdylar

view-icon 1706
Türkmenistanyň wekilleri ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşdylar

ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býuorysynyň (DIAHB) edarasynda üç günlük ýöriteleşdirilen okuw geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Adalatçysynyň, Içeri işler ministrliginiň, Ýokary Kazyýetiň we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekilleri gatnaşdy. 

Okuw Adalatçynyň diwanynyň we döwletiň wezipeli işgärlerini ÝHHG-niň adam hukuklary baradaky borçnamalary bilen tanyşdyrmaga niýetlenildi. Üç günüň dowamynda DIAHB-yň dürli bölümleriniň hünärmenleri kanunyň hökmürowanlygy ýörelgesini berkitmek, hukuk kömegi we demokratik kanun çykarmak, adam hukuklaryny goraýjylara goldaw we ş. m. ugurlarda çykyş etdiler. Okuwa guramanyň bölüm müdirleri bilen bilelikde DIAHB-yň müdiri gatnaşyp, öz edarasynyň işi barada gysgaça gürrüň berdi.

Geçirilen çärä gatnaşyjylar hünär bilimlerini artdyryp, ÝHHG-ä girýän ýurtlaryň iň oňat halkara tejribeleri bilen tanyşdylar, şeýle hem Türkmenistanda alnyp barylýan adam hukuklary syýasaty barada maglumat aldylar.

«Adam ölçegi» adalgasy ÝHHG tarapyndan syýasy-harby we ykdysady-ekologiýa ölçegleri bilen birlikde howpsuzlygyň üç ölçeglerinden biri hökmünde garalýan we iň giň manyda howpsuzlygyň esasy ýörelgeleri bolup durýan adam hukuklary we demokratiýa bilen baglanyşykly kadalardyr işleriň toplumyna degişlidir. ÝHHG-niň Demokratik institutlar we Adam hukuklary edarasy (DIAH) gatnaşýan döwletlere we raýat jemgyýetine demokratiýany, kanunyň hökmürowanlygyny, adam hukuklaryny ösdürmek üçin goldaw, kömek we bilermen bilimini berýär.