Ï Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň geljegi hem-de ösüş mümkinçiligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň geljegi hem-de ösüş mümkinçiligi

view-icon 2817
Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň geljegi hem-de ösüş mümkinçiligi

2022-nji ýylyň jemi boýunça Türkmenistan Özbegistan bilen söwda dolanyşygynda esasy dokuz ýurduň arasynda öz tutýan ornuny saklap galdy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugry hasaplanýan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi ileri tutulýar. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň geçen ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyza resmi sapary wagtynda gol çekilen resminamalar: ikitaraplaýyn daşary ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Ylalaşyk; Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň çägindäki söwda öýleriniň işini kadalaşdyrmak baradaky Ylalaşyk; türkmen-özbek serhet söwda zolaklarynyň - Söwda merkezleriniň işini kadalaşdyrmak boýunça işleriň dowam etmegi baradaky teswirnama özara söwda dolanşygyny geljekde-de ösdürmegi höweslendirmäge niýetlenendir.

Häzirki wagtda gol çekilen resminamalaryň esasynda serhet söwda zolagyny döretmek we özara söwda öýlerini açmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen göçme mejlisinde Aşgabatda we Daşkentde söwda öýleriniň açylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe görkezme berdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda türkmen-özbek serhet söwda zolagynyň düýbüni tutmak dabarasyndan soň, taraplar taslama-hasap çaklamalaryny ylalaşmak, söwda zolagynyň iş düzgüni, taslamany maliýeleşdirmäge täjirçilik banklaryny çekmek, salgyt salmakda, gümrük we serhet gözegçiliginden geçilende ýeňillikleri we artykmaçlyklary ulanmak mümkinçilikleri barada iş alyp barýarlar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleleri bilelikde çözmek bilen, Türkmenistan we Özbegistan özara söwdanyň ösmeginde we işewür gatnaşyklaryň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolmaly söwda zolagynyň tiz açylmagyna ymtylýarlar. Bu ýerde söwda nokatlary, ammarlar, konteýner meýdançalary we telekeçiler üçin iş ýerleri ýaly häzirki zaman infrastrukturasy dörediler. Serhet söwda zolagynyň döredilmegi halkara we sebit lomaý hem-de bölek söwdasynyň döwrebap ugurlarynyň ösmegine ýardam eder.