Ï «Watan» gazeti bäsleşige çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Watan» gazeti bäsleşige çagyrýar

view-icon 4738
«Watan» gazeti bäsleşige çagyrýar

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­ny has-da da­ba­ra­lan­dyr­mak, dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler­den gö­wün­le­ri gal­kyn­ýan ýaş­la­ryň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny, dür­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni be­ýan et­mek mak­sa­dy bi­len, Türkme­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik parti­ýa­sy­nyň Sy­ýa­sy Ge­ňe­şi­ «Wa­tan» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­ bilen bi­le­lik­de ga­ze­tiň oky­jy­la­ry­nyň ara­syn­da «Şu mille­tiň, şu top­ra­gyň nes­li biz» at­ly ma­ka­la­la­ryň, oçerk­le­riň, he­kaýa­la­ryň, goş­gu­la­ryň dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gini geçirýär.

Bäs­le­şi­ge hö­dür­le­nil­ýän iş­ler­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myzyň be­dew bat­ly ösüş­le­rinde ýaş nes­liň eýe­le­ýän or­ny, ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň bagt­ly dur­mu­şy üçin dö­re­dil­ýän mümkin­çi­lik­ler dö­re­di­ji­lik­li be­ýan edil­me­li­dir.

«Watan» gazetiniň döredijilik topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna gabatlap, fotosuratçylaryň we suratkeşleriň arasynda-da «Suratlarda bagtyýar ýaşlar» atly bäsleşigi yglan etdi.

Fo­to­su­rat­çy­lar we su­rat çek­mä­ge hö­we­sek ýaşlar Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de ýaş­la­ryň bag­ty­ýar dur­mu­şyny, ola­ryň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da çek­ýän dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ni, ýaş nes­liň ylym-bi­lim, me­de­ni­ýet, sport, sag­ly­gy go­ra­ýyş we beý­le­ki ul­gam­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni be­ýan ed­ýän eser­le­ri­ni bäs­le­şi­ge hö­dür­läp bi­ler.

Hödürlenýän işler ozal metbugatda çap edilmedik ýa-da başga bäsleşiklere gatnaşmadyk bolmaly. Olary «Watan» gazetiniň Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýoly 100, Erkin döredijilik merkezi salgysynda ýerleşýän redaksiýasyna ýa-da watan@sanly.tm elektron poçta salgysyna ibermeli. Şeýle hem özüňiz we surat hakda maglumat goşmaly.

Bäsleşikleriň netijeleri şu ýylyň dekabr aýynda yglan ediler.

Maglumat almak üçin telefonlar: 38-61-03, 38-61-05, 38-61-16; 38-61-17.