Ï Saçly Dursunowa – lukman, alym, uruş weterany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saçly Dursunowa – lukman, alym, uruş weterany

view-icon 12556

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Saçly Dursunowanyň ady dakyldy. Halkymyzyň uly ýaşly nesilleri urşa gatnaşyp, ençeme orden-medal bilen sylaglanan, şeýle hem Watanymyzyň lukmançylygynda öçmejek yz galdyran bu görnükli zenany gaty gowy tanaýandyr.

Saçly Dursunowa 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşy başlanda, okuwyny tamamlan ýaş lukmanlaryň biridi. Olar diplomlaryny uruş başlanan gününiň ertesi alypdylar. Iýunyň 25-inde bolsa lukmançylyk institutyny tamamlanlaryň köpüsi urşa iberilmegini haýyş edip, harby komissariata ýüz tutupdy. Meýletinçileriň arasynda diňe bir ýigitler däl, eýsem gyzlar hem, olaryň arasynda bolsa ýaş hirurg Saçly Dursunowa hem bardy. Düýnki talyp gyz urşuň iň gazaply ýerleriniň birine – Stalingrad frontuna iberilip, esgerler bilen bilelikde Gündogar Prussiýa çenli gidipdi. Saçly Dursunowa uruş ýyllarynda käte birnäçe güni ukusyz ýa-da dynç almazdan, aýak üstünde geçirip, ýüzlerçe operasiýa etmek bilen, ýaraly esgerleri halas edýärdi.

Bir gezek Kenigsbergiň eteginde Saçly bir esgeri – öz ildeşini operasiýa etmeli boldy. Esger garnyndan agyr ýaralanypdy, ýigidiň diri galjagy gümanady, emma Saçly ahyryna çenli esgeriň janyny halas etmek üçin göreşmek kararyna geldi. Onuň özüniň hem gan topary ýaraly esgeriňki bilen meňzeşdi, lukman Dursunowa öz jany bilen töwekgellik edip, özünden ýaraly esgere gan goýbermegi buýurdy.

Uruş tamamlananda Saçly Dursunowa lukmançylyk gullugynyň kapitanydy, uruşdan soň ol köp ýyllap Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda işledi. Alym lukman hökmünde ol milli epidemiologiýanyň, parazitologiýanyň ösmegine we ýokanç kesellere garşy göreşe saldamly goşant goşdy. 1950-nji ýyllaryň ortalarynda Saçly Dursunowanyň ady Aşgabat epidemiologiýa we arassaçylyk gözleg institutyna dakyldy.