Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyny 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna täze baş tälimçi taýýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyny 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna täze baş tälimçi taýýarlar

view-icon 8509
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyny 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna täze baş tälimçi taýýarlar

34 ýaşly Mergen Orazow Futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyny 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna saýlama oýunlara taýýarlar. Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň ýerine ýetiriji komiteti şeýle karara geldi

Mergen Orazow ilkinji gezek 7 ýaşynda tanymal çagalar tälimçisi Sergeý Georgiýewiç Akopýansyň ýolbaşçylgynda «Ak guş» toparynda çykyş edip başlady. 16 ýaşynda Aşgabadyň «Nusaý» toparynyň ätiýaçlyk düzümine alyndy.

Kän wagt geçmänkä Mergeni bu klubyň esasy düzümine çekip ugradylar. Zehinli futbolçynyň oýny gowudy. Ýöne ol orta mekdebi tamamlandan soň Pensilwaniýa ştatynyň Uniwersitetine okuwa girip ABŞ-na gidýär. Şol ýerde-de M. Orazow uniwersitetiň toparynda futbol oýnaýar.

Amerikanyň ýokary okuw mekdebini «Biznes-menejmenti» ugrundan tamamlan Mergen Watana dolanyp gelenden soň futzala ymykly girişýär. Ol «Arwana» klubunyň hatarynda Türkmenistanyň bäş gezek çempiony bolýar. Aziýa Kubogy ugrunda final ýaryşlarda milli ýygyndynyň düzüminde hem bäş gezek çykyş etdi. Ussatlar klubynda oýnamagyny goýandan soň «Kopetdag» futzal klubyny baş tälimçi hökmünde iki gezek çempionlyga ýetirýär, 2020-nji ýylda bolsa Türkmenistanda iň gowy futzal tälimçisi diýlip ykrar edilýär.

2021-nji ýylda Mergen Orazowa «Ahal» futbol klubyna baş tälimçi hökmünde ýolbaşçylyk teklip edildi, ol höwes bilen täze işe başlady. Gowy netijeler uzak garaşdyrmady.
Mergeniň ýolbaşçylygynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdurliginiň topary iki ýylyň dowamynda Jiddada (Saud Arabystany) Türkmenistandan, Eýrandan, Katardan we Birleşen Arap Emirliklerinden dört toparyň gatnaşmagynda geçirilen iki aýlawly ýaryşda Kataryň «Al-Garafa» klubyny 4: 2 hasabynda utup, AFK-nyň Çempionlar ligasynda taryhda ilkinji ýeňşini gazandy.

Şeýle hem geçen ýyl M.Orazowyň ýolbaşçylygynda «Ahal» futbol kluby milli baýraklaryň üçüsini eýledi - ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy, dördünji gezek ýurdumyzyň Kubogyna we ikinji gezek – Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyna mynasyp boldy.

Şunuň bilen birlikde Mergen futbol ugrundan bilimini hem ýokarlandyrdy. Bir ýylda Türkmenistandaky professional klublar bilen işlemäge hukuk berýän «B» we «A» tälimçilik ygtyýarnamalary boýunça okuwlary üstünlikli tamamlady.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki bölüminiň müdiri, ýurdumyzyň alty gezek çempiony we Kubogyny bäş gezek eýelän Berdi Nurmyradowyň tagallasy bilen Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň ýardam bermeginde 2022-nji ýylda Aşgabatda bu okuwlary geçirmek başartdy, ony tamamlanan 18 tälimçi we 24 diňleýji «A» ygtyýarnama diplomyny aldy.

Indi B.Nurmyradow Türkmenistanda iň ýokary derejeli Pro ilkinji okuw guramagy niýet edinýär, onuň ygtyýarnamasy tälimçilere daşary ýurtdaky islendik topar, şol sanda milli ýygyndy bilen işleşmäge mümkinçilik berýär.

Mergen Orazowyň «AA»-nyň habarçysyna aýtmagyna görä, ol ýakyn wagtda Pro derejesini almagy we öwrenen bilimlerini Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen işlände ulanmagy göz öňünde tutýar.

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna saýlama ýaryşda milli ýygyndymyzyň garşydaşlary şu ýazda geçiriljek bije atyşlykdan soň belli bolar. Birinji tapgyryň oýunlary 2023-nji ýylyň güýzünde geçiriler.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow: «Her oýunda erjel oýun görkezjek güýçli topar döretmegi göz öňünde tutýarys. Şonuň üçinem indiki aýda birinji okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçireris "-diýdi.

«AA»-nyň habarçysyna mälim bolşy ýaly, bu ýygnanşygyň barşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 23-nji martda Kuala-Lumpurda Malaýziýanyň milli ýygyndysy, 27-nji martda bolsa Manilada Filippinleriň milli ýygyndy topary bilen duşuşmagy göz öňünde tutýar.