Ï Amerikan sazlarynyň muşdaklary üçin konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amerikan sazlarynyň muşdaklary üçin konsert

view-icon 4585
Amerikan sazlarynyň muşdaklary üçin konsert
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

«Amerikan aýdym-sazlary daşary ýurtlarda» maksatnamasynyň çäklerinde amerikaly aýdymçylar Aaron Ýang we Keýt Bass konsertden öň paýtagtymyzyň žurnalistleri üçin metbugat ýygnagyny geçirdiler. Dogrusy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Aaronyň we Keýtiň Döwlet simfoniki orkestri we hory, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary bilen taýýarlyk geçdiler we olar mýuzikl žanryny ýaýýan amerikaly aýdymçylar bilen tanyşdyrdylar.

Metbugat maslahatyna gatnaşanlar bilen sorag-jogap alşylanda dramaturgiýanyň, horeografiýanyň we operanyň garyşygyndan kemala gelen bu saz ugrunyň aýratynlyklary barada jikme-jik gürrüň berildi. Aaron we Keýt mýuzikl aýtmagyň ussady bolupdyrlar, olar konserwatoriýanyň talyplaryna ussatlyk sapagyny berdiler.

Mukamlar köşgünde geçirilen türkmen-amerikan bilelikdäki konserti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren «Candide» mýuzikline uwertýura bilen açyldy. 

Konserwatoriýanyň talyplary Döwran Şammyýew we Dünýägözel Begalyýewa bütin dünýäde Aladdin ady bilen tanalýan arap ýigidiniň we onuň magşugy şa gyzynyň keşbini döretdiler.

Soňra sahna amerikaly sazandalr çykdy. Şekspiriň «Romeo we Julýetta» dramasynyň esasynda häzirki zamana görä döwrebaplaşdyrylan «Westsaýd hekaýaty» mýuziklinden alty bölek ýerine ýetirildi.

Konsert Aaron Ýangyň, Keýt Bassyň, Döwran Şammyýewiň we Dünýägözel Begalyýewanyň ýerine ýetirmeklerinde «Şa arslan» mýuziklinden bölek bilen jemlendi. Türkmen-amerikan kwarteti uly üstünlige eýe boldy.