Suratkeşler birleşiginiň Sergi merkezinde Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň döredijilik işleriniň sergisi açyldy.

Mugallymlaryň sergä hödürlän işleriniň arasynda suratlardan başga-da, zergär önümleri we kiçeňräk görnuşli heýkeller bar. Suratlaryň köpüsi taryhy mowzukda çekilipdir. Gunça Myradowanyň «Alyşir Nowaýy – Soltan Söýün Baýgaranyň huzurynda», Gurban Babatäjewiň «Blokwil – Gowşut hanyň öňünde», Toýly Çopanowyň «Margiana» suratlary şu topara degişlidir.

Mugallymlaryň köpüsi öz işlerinde Beýik Ýüpek ýoly mowzugyna ýüzlenmek bilen, gahrymanlaryň häsiýetlerini, bazarlaryň ýagdaýyny aýdyň görkezýärler. Bu eserleriň biri-de Toýly Çopanowyň «Täjir» atly suratydyr.

Gurban Babajanowyň «Gojanyň portreti», Toýly Çopanowyň «Mirap» we «Meýdanda» suratlarynda asyllylygy, paýhaslylygy görmek bolýar. Bir tarapdan awtorlar türkmene mahsus ýüz keşplere dykgat etseler, beýleki tarapdan bolsa portretlere psihologik many berlipdir.

Amanmuhammet Aşyrgeldiýewiň «Köne ýolda» suraty uly täsir galdyrýar. Onda uzak wagt bäri hiç kimiň ýöremedik bir ýolundan ýöräp barýan ýaşuly şekillendirilipdir, bu ýerde, hatda agajam garrylykdan we ýalňyzlykdan gurap galypdyr.

Laçyn Toýlyýewanyň ýerine ýetiren «Sazanda» suratynda diýseň görmegeý sazanda şekillendirilýär. Laçyn gahrymanyny söýgä we degişmä ýugrupdyr.

Heýkeltaraşlyk eserlerinden Seljuk Ýarmämmedowyň «Süýji düýş», «Ummanyň syrlary» we şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň oturan heýkeli, şeýle hem Çarymyrat Amanowyň «Gahar» we «Magtymguly» eserleri aýratyn tapawutlanýar.

Sergä gelenler altyn çaýylan kümüşden ýasalan ajaýyp şaý-seplerini görkezýän zergärleriň işlerinden-de hoşal boldular.

Mekdebiň okuwçylary, meşhur aýdymçylar Atageldi Garyagdyýew, Atajan Berdiýew, Begenç Moşşyýew dagy sergi meýdançasynda kiçeňräk konsert guramak arkaly mugallymlary goldamak üçin, serginiň açylyş dabarasyna geldiler.


